Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
küreklemek sporty.
Ýazylan wagty: 12 марта 2018 Ýazan Mayichka
KÜREKLEMEGIŇ 
Adam heniz özüniň aň taýdan doly ösüşine çenli suwda hereket etmek üçin ýüzýän pürslerde, agaçlaryň döwlen şahalarynda ýüzmekden baş çykarypdyrlar. Şonuň bilen bir wagtda küreklemek soňy bilen çalt ösüp başlaýar we adam medeniýetiniň soňraky göçümlerini şertlendirýär. Gaýygyň adamlaryň gadymy oýlap tapan serişdeleriniň biridigine köp taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär. Arheologlar ilkidurmuş adamlarynda gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde gaýyga kybapdaş çaga oýunjaklaryny ele salýarlar. “Adam ýollarda tigirli sürmeklikden öňürti derýalarda syrykly we kürekli ýüzüp başlapdyrlar” diýip, meşhur norwegiýaly barlagçy Tur Heýerdal ýazýar. Wawilonyň, Assiriýanyň, Müsüriň, Rimiň, Gresiýanyň gadymy ýadyrgärlikleri şol döwürlerde-de ýüzüji gaýyklaryň bolandygyna şaýatlyk edýär. Müsür faraonlarynyň biriniň guburyndaky ýazgyda şeýle sözler bar: “Amenofis II diňe bir edermen söweşiji däl, eýsem ussat kürekleýji hökmünde-de meşhurlyk gazanypdyr”. Kiýew Rusunda gaýygyň esasy görnüşi birnäçe tagtadan birleşdirilip ýasalan gaýyklar bolupdyr. Ol ruslara 1000 ýyl mundan ozal tanyş bolupdyr we söweş üçin hem-de haryt daşamakda giňden ulanylypdyr. Şeýle gaýyklar 20-30 kürekleýjiden ybarat bolup, uly ýükler bilen diňe bir Dneprde, Donda we Wolgada ýüzmän, eýsem Gara deňzinde we Hazar deňzinde-de ýüzüpdirler. Gaýykda suwda ýüzmeklik şäherleriň ösmegine oňaýly täsirini ýetiripdir. Şonuň netijesinde köp şäherler hem peýda bolupdyr. Russiýada ilkinji kürekleýji gaýyklar biziň eýýamymyzdan öňki 865-nji ýyldan ulanylyp başlapdyr.
Okalan sany: 101   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05797 sek. ýüklenen baýt: 30053