Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Muaÿ-taÿ.
Ýazylan wagty: 12 марта 2018 Ýazan Mayichka
Muaý-taý ýa-da Taý boksy – Taýlandyň söweş sungatydyr. Ol gadymy taý söweş sungaty bolan borandan gelip çykypdyr hem-de hindi-hytaý söweş sungatlary bolan pradal sereý (Kambodža), tomoý (Malaýziýa), Lehmeý (Mýanma) we muaý lao (Laos) söweşlerine meňzeşdir. “Muaý” adalgasy terjime edilende “erkekleriň söweşi” ýa-da “erkin göreş” diýen manyny berýär. Häzirki wagtda Muaý-taýda urgulary ýumruk bilen, aýak-injik bilen, tirsek bilen, dyz bilen ýerine ýetirmek bolýar. Şonuň üçin Muaý-taý “sekiz gutaryntgynyň söweşi” diýip atlandyrýarlar. Muaý-taý kata, taolu ýaly toplumlaryň ýoklugy bilen karateden ýa-da uşudan tapawutlanýar, oňa derek Muaý-taýda iki-üç urgudan ybarat bazalaýyn birleşdirijiler (sparring) we penje we haltalardaky işler ulanylýar. Muaý-taý öz watanynda XVI asyrda belli bolupdyr, dünýäde sportuň bu görnüşi XX asyryň ikinji ýarymynda meşhurlyk gazanyp başlaýar. Muaý-taý Taýlandda has meşhur, bu sport görnüşine bagyşlanan “Milli Muaý-taý boksunyň güni” atly baýramçylyk bellenilýär. Muaý-taý boksunyň Olimpiýa sport görnüşi däldigine garamazdan, bu sport görnüşi boýunça milli we halkara derejesinde ýaryşlar geçirilýär. TARYHY Muaý-taý gadymy Muaý Boran sungatyndan gelip çykyp, onuň taryhy kökleri birnäçe müňýyllyklara uzalyp gidýär. Muaý-taý beýleki bir söweş sungatyndan (krabi-krabong: taý dilinde “gylyç we taýaklar”) gelip çykypdyr diýen pikir bar. Muaý–taýyň häzirki görnüşi XVI asyryň ikinji ýarymyna degişlidir. Aýutiýa döwletiniň döremegi bilen täze at ýüze çykypdyr – “pahuýut” (“köptaraplaýyn göreş”). “Muaý-taý” termini Aýutiýa döwletiniň dargap, Siýani döwletiniň döremegi bilen döräpdir, ýöne 1934-nji ýyla çenli “pahuýut” öňki ady bilen ulanylypdyr. 1934-nji ýylda Siýam öz adyny Taýlanda çalyşýar we “Muaý-taý” termini gutarnykly tassyklanýar. Häzirki döwürde Muaý-taý Taýlandda we dürli ýurtlarda uly meşhurluga eýedir. Muaý-taý Ýewropada we dünýäde 1977-nji ýyldan bäri meşhurlyga eýe boldy. Russiýanyň, Ukrainanyň, Belorusyň göreşijileri Muaý-taý boýunça geçirilýän bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýärler. 
Okalan sany: 76   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06602 sek. ýüklenen baýt: 30066