Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ar­ka­dag tag­ly­ma­ty – sag­dyn­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň bin­ýa­dy” at­ly tä­ze ki­ta­p.
Ýazylan wagty: 12 марта 2018 Ýazan Mayichka
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, sport ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan ösüş­ler ýur­du­my­zyň hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­ýar. Ýur­du­myz­da spor­tuň äh­li ugur­la­ry­ny saz­la­şyk­ly ös­dür­mek ba­bat­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Sport ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan şeý­le uly ösüş­le­riň döw­rün­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň jem­gy­ýet­de sport hem-de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň berk or­naş­ma­gy ug­run­da alyp bar­ýan kö­pu­gur­ly iş­le­ri­ne ba­gyş­la­nan “Ar­ka­dag tag­ly­ma­ty – sag­dyn­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň bin­ýa­dy” at­ly tä­ze ki­ta­byň ne­şir edil­me­gi türk­men hal­ky­nyň bag­ty­ýar­ly­gy­ny goşalandyrdy.Ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de bu gym­mat­ly ki­ta­byň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­ýär. Ola­ryň bir­nä­çe­si paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­lip, bu da­ba­ra­ly çä­re­le­re hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, sy­ýa­sat­çy­lar, dö­re­di­ji­lik in­tel­li­gen­si­ýa­sy­nyň, sport ul­ga­my­nyň hem-de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Mer­ke­zi ser­ker­de­ler öýün­de ge­çi­ri­len ta­nyş­dy­ry­lyş çä­re­le­ri has-da äh­mi­ýet­li bol­dy. Ki­ta­byň sa­hy­pa­la­ryn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň hal­ka­ra sport he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan yzy­gi­der­li iş­le­ri be­ýan edil­ýär. Şol sport he­re­ke­ti Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap türk­men döw­le­ti­niň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr.Ne­şi­riň köp bö­le­gi soň­ky on­ýyl­ly­gyň ta­ry­hy­na öz­bo­luş­ly sy­ýa­hat­dyr. Şol on­ýyl­lyk ýur­du­my­zyň spor­tu­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça anyk çä­re­le­riň ka­bul edil­me­gi hem-de bi­zi “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­nyň aja­ýyp ýe­ňiş­le­ri­ne ýa­kyn­laş­dy­ran mö­hüm wa­ka­lar bi­len ta­ry­ha gir­di.Ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­sy­na gat­na­şy­jy­la­ryň bel­leý­şi ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu ugur­da alyp bar­ýan ösüş­le­re bes­le­nen sy­ýa­sa­ty anyk mi­we­le­ri­ni ber­ýär. Ki­ta­byň sport des­ga­la­ry­nyň we hu­su­san-da, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len aja­ýyp Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň gur­lu­şy­gy­na ba­gyş­la­ny­lan bap­la­ryn­da hem bu­lar ba­ra­da aý­dyl­ýar.Tä­ze ne­şi­riň: “Gö­zel­lik – duý­gy hem-de ukyp”, “Be­re­ket­li, sa­ha­wat­ly il”, “Sport – me­de­ni­ýe­tiň aça­ry”, “Mil­li­lik­den göz­baş al­ýan sport oýun­la­ry” di­ýen bö­lüm­le­rin­de “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry gi­ňiş­le­ýin be­ýan edi­lip­dir.“Ar­ka­dag tag­ly­ma­ty – sag­dyn­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň bin­ýa­dy” at­ly ki­tap di­ňe bir eý­ýäm ta­ry­ha gi­ren “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na däl, eý­sem, gel­je­ge-de ba­gyş­la­nan­dyr. On­da ýur­du­myz­da “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen şy­gar as­tyn­da geç­ýän ýyl­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň tä­ze baş­lan­gyç­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­sy­na gat­na­şy­jy­lar “Amul-Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler. Ol döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tek­li­bi bi­len Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça ge­çer.Da­ba­ra­lar­da çy­kyş eden­ler Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­de çap edi­len tä­ze ki­ta­byň su­rat­lar bi­len be­ze­li­şi­ne üns ber­di­ler.
Okalan sany: 156   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09505 sek. ýüklenen baýt: 33041