Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Futbol
Ýazylan wagty: 12 марта 2018 Ýazan Mayichka
Is­pa­ni­ýa­nyň “La Li­ga­syn­da” “Bar­se­lo­na­ny” çem­pi­on­ly­ga bir ädim go­laý­laş­dy­ran du­şu­şyk­da ka­ta­lon­lar Mad­ri­diň “At­le­ti­ko­syn­dan” 1–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Çem­pio­na­tyň li­de­ri­ne ýe­ňiş ge­ti­ren bu go­ly 26-njy mi­nut­da je­ri­me ur­gu­syn­dan Lio­nel Mes­si öz ady­na ýaz­dyr­dy. Bu gol Mes­si­niň kar­ýe­ra­syn­da res­mi du­şu­şyk­lar­da der­we­zä uran 600-nji go­ly diý­lip, ha­sa­ba alyn­dy. “La Li­ga­da” soň­ky çem­pi­on “Re­al Mad­rid” bol­sa, ýyl­dyz­la­ry Beýl we Ro­nal­do­nyň (2) gol­la­ry esa­syn­da şä­he­riň beý­le­ki to­pa­ry “He­ta­fe­ni” 3–1 ýeň­di.
* * *Ger­ma­ni­ýa­nyň “Bun­des­li­ga­syn­da” 2-nji orun ug­run­da gö­reş­ýän “Le­ip­sig” bi­len “Bo­rus­si­ýa D.” to­par­la­ry­nyň du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. Fran­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da PSŽ myh­man­çy­lyk­da “Tro­ýa­dan” Di Ma­ri­ýa we Nkun­ku­nyň gol­la­ry bi­len 2–0 üs­tün çyk­dy. 2-nji aý­la­wy­na ba­dal­ga ber­len Rus­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da birnäçe du­şu­şyk gar­ly ho­wa­da oý­nal­dy we 8 oý­nuň ýa­ry­sy deň­lik­de gu­tar­dy. Tap­gy­ryň mer­ke­zi du­şu­şy­gy bo­lan “Lo­ko­mo­tiw” bi­len “Spar­ta­gyň” ara­syn­da­ky Mosk­wa der­bi­sin­de ha­sap açyl­ma­dy. “Ru­bin” hem 90+1-nji mi­nut­da to­ru­na gol goý­be­rdip, ýe­ňiş ga­zan­mak müm­kin­çi­li­gi­ni el­den gi­der­di.
* * *Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri “Na­po­li” öz meý­dan­ça­syn­da “Ro­ma­dan” 4–2 ha­sa­byn­da as­gyn ge­lip, çem­pi­on­lyk ug­run­da uly ýit­gä se­ze­war bol­dy. Nea­pol­li­le­riň sö­bü­gi­ni ba­syp bar­ýan soň­ky 6 ýy­lyň çem­pio­ny “Ýu­wen­tus” myh­man­çy­lyk­da “La­sio­ny” Di­ba­la­nyň 90+3-nji mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly bi­len ut­ma­gy ba­şar­dy. “Se­rie A-da” ga­lan beý­le­ki du­şu­şyk­lar “Fio­ren­ti­na” to­pa­ry­nyň 31 ýaş­ly go­rag­çy­sy Da­wi­de As­to­ri­niň ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da ara­dan çy­kma­gy se­bäp­li yza süý­şü­ril­di. “Mi­la­nyň” ýaş­lar dü­zü­min­de fut­bo­la baş­lan As­to­ri “Ka­lia­ri” to­pa­ryn­da özü­ni ta­na­dyp­dy. 2015-nji ýyl­dan bä­ri “Fio­ren­ti­na­da” oý­nap gel­ýän As­to­ri Ita­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­syn­da-da 14 du­şu­şyk ge­çir­di. As­to­ri 2 ýaş­ly gy­zy Wit­to­ri­ýa­nyň ka­ka­sy­dy.Çem­pi­on­ly­ga 4 ýe­ňiş gal­dyAng­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da “Man­çes­ter Si­ti” soň­ky çem­pi­on “Çel­si­ni” Ber­nar­do Sil­wa­nyň 46-njy mi­nut­da­ky go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Bu ne­ti­je­ler­den soň, “Si­ti” ga­lan 9 du­şu­şy­gyň 4-sin­de ýe­ňiş ga­zan­sa, on­da olar no­bat­daky çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan ederler. “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” myh­man­çy­lyk­da “Kris­tal Pa­las” bi­len du­şu­şyp, gar­şy­da­şy­nyň 2–0 öňe saý­la­nan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, 90+1-nji mi­nut­da­ky Ma­ti­çiň owa­dan go­ly esa­syn­da 3–2 ýe­ňiş ga­zan­dy.
Okalan sany: 61   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07391 sek. ýüklenen baýt: 31714