Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Žurnalistikanyň ylym hökmünde öwrenýän ugurlary
Ýazylan wagty: 13 марта 2018 Ýazan Mayichka
Žurnalistikanyň ylym hökmünde öwrenýän ugurlary.
XX asyryň ahyry we XIX asyryň başlary siwilizasiýanyň ösüş kanunalaýyklyklarynda we häsiýetlerinde oňyn üýtgeşmeler bilen tapawutlanýar. Bu döwür dürli döwletleriň we guramalaryň içki ösüşlerinde tutuş adamzadyň ählisiniň ykballaryna täsir edýän dünýäniň derwaýys meseleleriniň çözgüdiniň dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde gözlenilmegine zerurlygyň ýüze çykmagynda aýratyn duýulýar. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde milletleriň, halklaryň hem-de siwilizasiýalaryň deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyklaryna esaslanýan gatnaşyklar ýola goýulýar. Bu gatnaşyklar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işinde hem täze hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulmagyny talap edýär. Köpçülikleýin habar berişn serişdeleri döwletiň öz içinde-de, halkara arenasynda-da şol deňhukly, demokratik gatnaşyklardan ugyr alyp, öz işlerini guramagynyň zerurdygyny görkezýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gurluşynda bolup geçýän üýtgeşmeler, gazet-žurnallardyr radio-telewideniýeden başga-da täze görnüşleriň- internet habarlary,web saýtlar goşulmagy, žurnalistikadan talabyň güýçlenmegi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerinden hem ýokary hünär taýýarlygyny talap edýär. Häzirki döwürde žurnalistleri taýýarlamagyň birnäçe çeşmeleri hereket edýär. Bu ýokary okuw mekdebiniň žurnalistika bilim ulgamynda geljekki žurnalistleri taýýarlamak işi žurnalistika ugruny, gumanitar-taryhy bilimlerini, jemgyýetçilik-ykdysady bilimleri öwretmek boýunça amala aşyrylýar. Halkara žurnalistikasy hünäri boýunça bolsa olardan başga-da talybyň birnäçe daşary ýurt dilini öwrenmegine hem üns berilýär. Şonuň üçin hem okuw maksatnamasyna daşary ýurt dillerini okatmak üçin ýörite okuw sagatlary girizilýär. „Žurnalistikanayň nazaryýeti” dersi žurnalistika hünärine umumy häsiýetnama bermek bilen onuň awtorlyk, redaktorlyk, guramaçylyk işi ýaly görnüşleri barada başlangyç düşünje berýär we döredijilik işiniň bu görnüşiniň jemgyýetiň ösüşiniň her etapyndaky sosial kanunalaýyklyklara baglylykda ösüş ýollaryny açyp görkezýär. Häzirki zaman talaplaryna laýyk žurnalistlik endiklerini emele getirmek, geljekki žurnalisti habar beriş serişdeleriniň zerurlyklaryna, ösüş we özgeriş mümkinçiliklerine görä taýýarlamak ençeme şertleriň toplumyna bagly wezipedir. Olar geljekki žurnalistiň tebigy endiklerini, ýörite hünär sypatlaryny kemala getirmek we ösdürmek, köpugurly döredijilik ukyplaryny, usullaryny, guramaçylyk we redaktorlyk işiniň tärlerini, habarlary toplamagyň, gaýtadan işlemegiň tehnikasyny, usullaryny, eser döretmek, neşiriň sanyny taýýarlamagyň, nobatdaky gepleşigi taýýarlamak we efire goýbermek ukybyny döretmek wezipesidir. Praktiki tejribäniň we nazaryýet seljermesiniň görkezişi ýaly, geljekki žurnalist üçin wajyp bilimler hökmünde žurnalistika boýunça ýörite bilimleriň, sosial we ykdysady ulgamlar boýunça bilimleriň, gumanitar ugurlar boýunça bilimleriň utgaşykly alnyp barylmagy zerurdyr. Geljekki žurnalistiň şol bilimleri özleşdirmeginetijesinde hem –de durmuşa gatnaşyklarynyň netijesinde hem onuň döredijilik şahsyýeti kemala gelýär. 
Okalan sany: 56   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05640 sek. ýüklenen baýt: 31790