Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Awtosport.
Ýazylan wagty: 13 марта 2018 Ýazan Mayichka
AWTOMOBIL ÝARYŞLARYNYŇ GÖRNÜŞLERI.
Awtomobil ýaryşlarynyň görnüşlerini onuň geçirilýän trassasynyň görnüşlerine, ýaryş tehnikasynyň aýratynlyklaryna, sport dessurlarynyň aýratynlyklaryna we ş.m. laýyklykda toparlara bölmek mümkin. 
AÝLAWLY AWTO ÝARYŞ 
Maşynlar asfaltlanan trassada hökmany suratda biri-biriniň yzyndan bäsleşýärler. Onda sürüjiler kesgitli aýlaw mukdaryny geçýärler. Häzirki zaman aýlawly awtoýaryşy Häzirki zaman aýlawly ýaryşlaryň aglabasy örän oňat süýrümtik görnüşli ýa-da öwrümli aýlawlary bolan trassalarda amala aşyrylýar: apeksler, şikanalar we şpilkalar – bu bolsa tehnika bolan talaby, sürüjiniň başarnygyny güýçlendirýär, ýaryşlaryň göze gelimliligini artdyrýar. Ýaryşyň bu görnüşine şu aşakdakylar degişlidir: Russian Touring Car Championship (RTCC) – (Gran Pri RTCC) – bu awtomobilleriň aýlawly ýaryşy boýunça hünärmençilik kuzowly çempionatdyr. Ondan Russiýanyň çempionaty, Russiýanyň Kubogy ugrundaky bäsleşikler geçirilýär. NASCAR – ABŞ-da kuzowly awtomobillerde geçirilýän ýaryşlar. Formula-1 – açyk tekerleri we 2,4 litr dwigateli bolan awtomobillerdäki ýaryş. Formula-1-iň maşynlary iň çalt aýlawly ýaryş awtomobilleri hasaplanylýar. Käbir tapgyrlarda ortaça tizlik 240 km/sag, iň aňryçäk tizlik 350 km/sag deň bolýar. Bu klassyň artykmaçlygy netijeli tormozlar we aerodinamika hasaplanylýar. DTM – kuzowly awtomobillerde geçirilýän nemes çempionaty. Champ Car - açyk tekerli awtomobillerde geçirilýän amerikan ýaryşlary. A 1 Gran pri – “milletiň ýaryşy” – Formula-1-iň garşysyna oýlanyp tapylan ýaryş. Formula-1-den monoklasy boýunça tapawutlanýar: diňe bir kysymly awtomobiller goýberilýär. Komandanyň has az maliýe çykdajylary üçin niýetlenen we Formula-1-e seredende uly göze gelimliligi bilen tapawutlanýar. Formula Rus – Formula RUS bolidlerinde aýlawly awtoýaryşlaryň rus klasy. Bu monoklas hasaplanylýar: diňe bir kysymly awtomobiller ýaryşa goýberilýär. Çempionatda Formula RUS-a hyzmat etmeklik we maşynlary abatlamak diňe guramaçy tarapyndan amala aşyrylýar, ähli sürüjileriň bolide bolan garaýşy birmeňzeşdir.
Okalan sany: 75   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13064 sek. ýüklenen baýt: 30279