Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Günbatar Ýewropada häzirki zaman syýahatçylygynyň ösüşi.
Ýazylan wagty: 13 марта 2018 Ýazan Mayichka
Günbatar Ýewropada häzirki zaman syýahatçylygynyň ösüşi. 
Sebitiň gurluşy we durmuş-ykdysady, syýahatçylyk ösüş derejesi. Ýewropa ýurtlary her ýyl 15 million myhmanlary kabul edýärler. Bu ýurtlaryň içki syýahatçylygy 1 milliard gatnawdan ybarat. 
Halkara syýahatçylygynyň paýy Ýewropada we Amerikada soňky wagtda azalýar. Halkara syýahatçylygnyň ösüşine Günbatar Aziýada we Afrikada pesräk derejede garaşylýar. Ýewropa ýurtlaryndan Fransiýa, Ispaniýa, Italiýa, Beýik Britaniýa, Wengriýa öňdebaryjy bolup durýarlar.Ýewropa köplenç Amerikadan, Aziýadan we Ýewropanyň başga ýurtlaryndan syýahatçylar gelýärler. Ýewropaly syýahatçylaryň özüni alyp barşy. Zähmet rugsatlaryny, köplenç, Skandinawiýa we Gollandiýa ýurtlarynyň raýatlary ulanýar. (umumy zähmet rugsadyny alýanlar 53%).Ýewropanyň günorta milletleriniň wekilleri zähmet rugsadyny azrak ulanýarlar. (Daniýa 70%,Portugaliýa 30%) 25-den-30 ýaşa çenli syýahatçylaryň paýy 50 %-e barabar. Syýahatçylyga esasy ýaş, bilim girdeýjiler, hünärler täsir edýärler. Günbatar Ýewropa bu biri-birinden meýdanynyň ululygy, döwlet gurluşy we durmuş ykdysady ösüş derejesi boyunça tapawutlanan 10 dowleti birleşdiryän sebitdir. Günbatar Ýewropa dünyä hojalyk ulgamynyň üç esasy merkeziniň biridir. Bu sebit dünýä hojalygynda we syýasatynda örän uly orun eýeleýär. Sebitiň ýurtlarynyň Şwesariýadan başgasy Ýewropa bileleşiginiň agzalarydyr. Umumy meýdany -1,4 mln km2-den gowrakdyr. Ilatynyň umumy sany bolsa, 253 mln adamdyr (2008ý.). Sebitiň ykdysady-geografik ýerleşisi örän amatlydyr. 0l ýurtlaryň deňze çykalgasynyň bolmagy ýa-da deňizden uzak bolmadyk aralykda ýerleşyänligidir (Bu bolsa ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam edýär). Umuman, Günbatar Ýewropa ýurtlary hojalygy ösdürmek üçin mineral baýlyklary bilen pes derejede üpjün edilendir. Sebitiň uly döwletleri GFR-iň, Fransiýanyň, Beýik Britaniýanyň hojalygy köp ugurlydyr. Meýdanynyň kiçi bolmagyna garamazdan, Günbatar Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň hem dünyä hojalygyndaky orny uludyr. Bu ýurtlaryň ykdysadyýeti, adatça, aýry-aýry pudaklara degişli bolýar . Zähmetiň halkara geografik bölünişinde Günbatar Ýewropanyň ýüzüni görkezýän ykdysadyýetiň esasy pudagy senagatdyr. Umuman sebitiň oba hojalygy, ýokary derejede ösendir. Bu ýerde dünýä möçberinde dänäniň 15%-ine, etiň 15%-ine we süýdüň 30%-ine golaýy öndürilýär. Oba hojalyk önümleriniň esasy görnüşleri boýunça ýurtlaryň köpüsi öz ilatynyň hajatlaryny doly üpjün edýär we önümiň bir bölegi eksport edilýär. Günbatar Ýewropa ösen ulaglar ulgamyna eýedir. Demir ýol awtomobil ulaglary ýokary derejede ösendir. Sebitiň ähli ýurtlarynda demir we awtomobil ýollarynyň örän gür tory döredi. Soňky ýyllarda ýokary tizlikli ýollaryň uzynlygy artýar. Ýolagçy daşamakda awiasiýanyň ähmiýeti has-da uludyr.
Okalan sany: 81   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07704 sek. ýüklenen baýt: 31139