Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Ýazylan wagty: 13 марта 2018 Ýazan NEXTTM

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, iki ýurduň döwlet baştutanlary deňhukukly esasda ýola goýulýan we birek-birege hormat goýmak, uzakmöhletleýin hem-de möhüm hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny kesgitlediler hem-de dürli ulgamlarda özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Bu babatda Bilelikdäki hökümetara toparyna hem-de yzygiderli guralýan işewür gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. Geçen hepdede Aşgabatda ýokarda agzalan toparyň howandarlygynda söwda we maýa goýum işlerine goldaw bermek boýunça ýokary derejedäki Toparyň nobatdaky duşuşygy boldy. Ol taraplaryň ozal gazanan ylalaşyklarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine we uzak geljegi nazara almak bilen, türkmen-rus gatnaşyklaryny köpugurly esasda ösdürmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem ýurdumyzyň Russiýanyň iri sebitleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy, Astrahan we Swerdlowsk oblastlary, Sankt-Peterburg şäherleri we beýlekiler bilen ýygjam gatnaşyklary üstünlikli ösdürilýär.

Şunuň bilen birlikde, türkmen-rus ynsanperwer gatnaşyklarynyň wajypdygy, bilim, ylym, medeniýet we sungat ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we ählumumy meseleleriniň birnäçe möhüm ugurlary babatda pikir alyşdylar. Şunlukda, iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan taýýarlygy tassyklandy.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýakynda geçen mejlisinde Owganystanda halkara tagallalaryny goldamak barada Rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň ähmiýeti barada aýdyldy. Bu resminama Milletler Bileleşiginiň Owganystany ösdürmek boýunça iri düzümleýin taslamalaryň, şol sanda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçiriji we optiki-süýümli ulgamyň gurluşygynyň, şeýle hem Türkmenistan –Owganystan-Täjigistan demir ýol geçelgesiniň başlangyç tapgyry bolup durýan Kerki-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň ulanmaga berilmeginiň giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Bellenilişi ýaly, Bitarap Türkmenistanyň goňşy döwletiň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmegi, onuň sebitleýin we sebitara ýagdaýlaryna goşulmagy boýunça halkara tagallalaryna ägirt uly goşandy bardyr.

Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz 18-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlarynda Russiýa Federasiýasynyň halkynyň dürs çözgüdi kabul etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putini Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň ahyrynda iki döwletiň Liderleri Türkmenistanyň we Russiýanyň däp bolan dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine üýtgewsiz ygrarlydygyny bellediler we birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Okalan sany: 105   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06676 sek. ýüklenen baýt: 34636