Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna ýüzlenmesi
Ýazylan wagty: 13 марта 2018 Ýazan NEXTTM

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna ýüzlenmesi

 

Eziz watandaşlar!

Biz ýurdumyzda 2018-nji ýyly «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan etdik. Bu ýyl ykdysady, durmuş ulgamlarynda we türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň beýleki möhüm ugurlarynda biziň kabul eden milli maksatnamalarymyzyň üstünlikli amala aşyrylan döwri bolar.

Biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzyň döretmek, hemmetaraplayvn hyzmatdaşlyk etmek we açyklyk ýörelgelerine esaslanýandygyny bellemek isleýärin.

Biziň amala aşyrýan syýasatymyz milli döwletimiziň esaslaryny berkitmäge, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegini üpjün etmäge, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga niýetlenendir. Şeýle hem ol ýurdumyzyň dünýäde abraýyny has-da berkitmäge, dürli döwletler we halkara guramalary bilen deňhukukly we ozara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň häzirki döwürde ýokary halkara abraýyna eýe bolan döwletdigini aýratyn bellemek isleýärin. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça sebit we bütindünýä ähmiýetli energetika hem-de ulag taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň alyp barýan syyasaty Birleşen Milletler Guramasynda barha uly goldaw tapýar. Soňky ýyllarda türkmen döwletiniň energetika howpsuzlygy we durnukly ulag ulgamy babatda öňe süren rezolýusiýalaryny BMG-ňyň Baş Assambleýasy biragyzdan kabul etdi.

Türkmenistanyň öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde amala aşyrýan taslamalary giň gerimli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagyň örän möhüm şerti bolup durýar. Bu taslamalar ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmäge oňaýly täsir edýär.

Bütin dünýäde bu taslamalaryň örän möhümdigine düşünmek bilen garalýar. Bu başlangyçlaryň dünýä bileleşiginde ýokary baha mynasyp bolýandygy we ykrar edilýändigi kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň özüniň nobatdaky mejlisinde - 2018-nji ýylyň 8-nji martynda Owganystanda halkara tagallalaryny goldamak barada Rezolýusiýany biragyzdan kabul edendigini şu gün buýsanç bilen belleýärin!

BMG-nyň esasy edaralarynyň biri bolan Howpsuzlyk Geňeşiniň bu möhüm resminamasynda biziň ýurdumyzyň Owganystanyň durmuş-ykdysady üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmek boýunça amala aşyrýan çärelerine aýratyn orun berilýär.

Hususan-da, Howpsuzlyk Geňeşi öňe sürlen başlangyçlaryň esasynda sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça mundan beýläk-de tagallalary etmegi goldady we ähli ýurtlary bu ugurda zerur işleri amala aşyrmaga tutanýerli çagyrdy.

Şol başlangyçlaryň hatarynda şeýle taslamalar bar:

Türkmenistan-Owganystan-Päkistan- Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe («Lazurit») üstaşyr geçiriş, söwda we ulag geçelgesi hakyndaky Ylalaşyk,

Türkmenistandan Owganystana barýan demir ýoluň gurluşygynyň taslamasy ýaly başlangyçlar bar.

Mälim bolşy ýaly, biz 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan-0wganystan- Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge girişdik. Yaňy-ýakynda bolsa, bu gaz geçirijiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Şol bir wagtda-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki- süýiimli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça işlere başlandy.

Ýurdumyz ulag ulgamynda hem uly işleri alyp barýar. Biziň ýurdumyz owgan halkyna kömek hökmünde iki sany täze demir ýoly - Kerki - Ymamnazar - Akina we Serhetabat-Turgundy demir ýollaryny gurup, ulanmaga berdi.

BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşi şeýle giň gerimli işleri nazara alyp, öz kabul eden Rezolýusiýasynda ýokarda bellenen taslamalary we ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, howpsuz şertleri üpjün etmäge we netijeli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisini tutanýerli çagyrdy.

Eziz watandaşlar!

BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň şu ýylyň 8-nji martynda kabul eden Rezolýusiýasy Türkmenistanyň saýlap alan, bitaraplyga esaslanýan daşary syýasat ugrunyň dogrudygynyň hem-de pugta esaslydygynyň ýene-de bir aýdyň tassyklanmasydyr!

Şeýle hem, bu resminamanyň kabul edilmegi biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň ahlumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýändigini aýdyň görkezýär.

Bu Rezolýusiýa Merkezi Aziýada we oňa ýanaşyk sebitlerde gin gerimli halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek işinde Türkmenistanyň bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmesi bolup durýar.

Howpsuzlyk Geňeşiniň kabul eden Rezolýusiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistanyň ornuny berkidýär we abraýyny has-da ýokary göterýär.

Şol resminama bu örän iri halkara guramasy bilen bilelikdäki uzak möhletli meýilnamalary we özara hyzmatdaşlygyň strategiýalaryny ynamly amala aşyrmaga bize mümkinçilik berýär.

Okalan sany: 128   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05646 sek. ýüklenen baýt: 38469