Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi
Ýazylan wagty: 13 марта 2018 Ýazan NEXTTM

Türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi

 

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Oňa iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar iş toparynyň öňki mejlisinde kabul edilen çözgütleriniň ýerine ýetirilişine garadylar we olaryň esasy böleginiň durmuşa geçirilendigini belläp geçdiler.

Taraplar iki dostlukly ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, serhet we gümrük düzümlerini ösdürmegiň, kontrabanda we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, umumy howplara hem-de wehimlere garşy göreşmek meseleleri boýunça maglumatlar alyşmagyň zerurdygyny nygtadylar.

13-nji martda türkmen-eýran hökümetara topary öz işini dowam eder.

Okalan sany: 84   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08140 sek. ýüklenen baýt: 29947