Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň duşuşygy geçirilýär
Ýazylan wagty: 13 марта 2018 Ýazan NEXTTM

Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň duşuşygy geçirilýär

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň üçünji mejlisi öz işine başlady. Ony ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy bilelikde gurady.

Iki günlük forumyň dowamynda Russiýanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň wekilleri uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin hukuk binýady taýýarlamagy dowam ederler. Hususan-da, taraplar Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň taslamasynyň tehniki ugurlaryny ylalaşarlar.

Şu mesele boýunça ozalky duşuşyk 2017-nji ýylyň aprel aýynda paýtagtymyzda geçirildi.

Ara alnyp maslahatlaşylýan resminamalaryň taslamasy hormatly Prezidentimiziň 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV sammitinde öňe süren başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanyldy. Şonda milli Liderimiz sebitiň ýurtlarynyň sazlaşykly hereketi üçin hökümetara gatnaşyklarynyň döwrebap hukuk esasyny döretmegiň zerurdygyny belledi.

Bu gezekki duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Hazar sebiti dünýä ykdysadyýetini umumylaşdyrmagyň çäklerinde Ýewraziýa giňişliginde iň möhüm geosyýasy, söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk merkezi hökmünde esasy orny eýeleýär. Bu ýerde ylalaşykly, anyk hukuk kadalaryna we Hazarýaka ýurtlarynyň bähbitleriniň özara hasaba alynmagyna esaslanýan halkara hyzmatdaşlygy has-da wajyp bolup durýar.

Bu sebitiň döwletleriniň tebigy-serişde, energetika, senagat, ulag-üstaşyr kuwwatyny nazara alanyňda, ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek we hil taýdan täze derejä çykarmak üçin mümkinçilikleriň bardygy äşgär duýulýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, BMG-niň belent münberinden birnäçe wajyp başlangyçlary, şol sanda hemişelik hereket edýän Hazar Ykdysady forumyny döretmek hem-de strategiki taýdan möhüm ulag ulgamyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek hakyndaky teklipleri öňe sürdi.

Şeýle forumyň döredilmegi, onuň mejlisleriniň Hazarýaka döwletleriniň deňze ýakyn şäherlerinde yzygiderli geçirilmegi oňa gatnaşyjylara her bir tarapyň bähbitlerini nazara alýan, dünýä işewürligi we abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary goldamaga, işjeň hyzmatdaşlyk üçin has giň mümkinçilikleri açmaga ukyply hyzmatdaşlygy yzygiderli ýola goýmaga şert döreder.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň soňky ýyllarda döwrebap düzümiň we halkara ähmiýetli täze ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine, durnukly logistiki düzümleriň kemala gelmegine, ulag hyzmatlarynyň görnüşleriniň giňeldilmegine gönükdirilen giň möçberli taslamalary durmuşa geçirýändigine ýokary baha berildi. Munuň özi sebit we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine täze itergi berer.

Bu gezekki mejlisde garalýan hem-de ýokarda agzalan pudaklaýyn işleri kadalaşdyrýan resminama taraplaryň senagatda, oba hojalygynda, söwdada, syýahatçylykda we beýleki ulgamlarda özara gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirmäge hem-de yzygiderli ýola goýmaga gönükdirilendir. Şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň bähbidine kybap gelýän hyzmatdaşlyk Hazar deňzi boýunça goňşularyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny durnukly ösdürmäge we berkitmäge ýardam berer.

Mejlise gatnaşyjylar bu ýerde edilen çykyşlaryň jemini jemlemek bilen, söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin ähli zerur mümkinçiliklere eýe bolan Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, hödürlenen Ylalaşygyň taslamasynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Ertir, maslahat öz işini dowam eder.

Okalan sany: 103   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05496 sek. ýüklenen baýt: 34995