Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Küşt taryhy.
Ýazylan wagty: 13 марта 2018 Ýazan Mayichka
Küşt – gadymy akyl-paýhas oýnudyr. Takmynan, 2000 ýyl mundan öň ýüze çykan bu oýun Hindistanda dörän diýlip hasap edilýär. Al-Biruni “Hindistan” atly kitabynda küşt oýnuny döreden brahman (Hindistanyň iň ýokary kasta jemgyýetine degişli bolan adam) barada hekaýany beýan edýär. Özüniň döreden oýny üçin Rajadan göräýmäge ýönekeý bolan baýragy: küşt tagtasynyň her indiki öýjüginde iki esse köpelýän bugdaý dänesiniň toplumyny sorapdyr. Ýagny, birinji öýjükde – 1, ikinji – 2, üçünji – 4 we ş.m. hasaplap görseler, munuň ýaly möçberdäki däneler tutuş Ýer ýüzünde ýok (arifmetiki progressiýa esaslanyp, 264–1=18446744073709551615 däne). Brahman munuň bilen döreden oýnunyň gymmatynyň hiç bir zat bilen deňeşdirip bolmaýandygyny düşündirmek islän bolmaly. Elbetde, näçe asyrlap öz gymmatyny ýitirmän, höwes bilen oýnalýan oýna öwrülmegi küşt oýnunyň deňi-taýy bolmadyk ajaýyp açyşlaryň biridigini subut edýär. Küşt oýny sportuň köpçülikleýin we meşhur görnüşleriniň birine öwrüldi. Küşt boýunça dünýäniň resmi çempionatlary, yklymara ýaryşlary, halkara ýaryşlary giňden geçirilip, sport äleminde görnüklilige eýe boldy. Sportuň beýleki käbir görnüşlerinden tapawutlylykda, küşt dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly ýaýrap, diňe bir sport däl-de, eýsem ylym hökmünde-de uly işler geçirilip başlandy. Küşt oýnunyň içki düzgünleri uruş, söweş ýaly alnyp barylýar. Ýagny, Şanyň, weziriň, köşkleriň, atly goşunyň, pyýada goşunyň, her tarapyň öz serhediniň, çäginiň bolmagy, garşydaşlaryň biri-birinden artykmaçlyk gazanmak we üstün çykmak esasy maksadynyň bolmagyndan gelip çykýar. Emma küşt oýny hakyky söweşden tapawutlanýar. Birinjiden, hakyky söweşde garşydaşlaryň güýçleri deň bolmaýar, hem-de zarba gezekli-gezekligine berilmeklik düzgünine eýermeýär. Ikinjiden bolsa, bu hyýaly söweş, diňe akyl-paýhas bilen bäsleşilýär. Küşt oýny 32 sany “şahsdan” ybarat: 16 ak we 16 gara. Olara küşt oýnunyň “mallary” diýilýär. Perzi we ruhlara agyr mallar, pillere we atlara ýeňil mallar diýilýär. Her bir malyň özüne mahsus bolan başlangyç ýagdaýy, göçüm düzgünleri, häsiýetleri, mümkinçilikleri bolýar:
Okalan sany: 100   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05882 sek. ýüklenen baýt: 30661