Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Futbol
Ýazylan wagty: 13 марта 2018 Ýazan Mayichka
Ÿakynda “Altyn Asyr” we “Ahal” futbol toparlarymyz Aziýa Futbol konfederasiýasynyň Kubogynyň “D” toparçasynda ilkinji oýunlary geçirdiler.Türkmenistanyň häzirki çempiony — Aşgabadyň “Altyn Asyr” topary Oş şäherinde Gyrgyzystanyň “Alaý” toparynyň garşysyna ilkinji duşuşygy geçirdi. Bu topar hem sportuň şu görnüşinde öz ýurdunyň çempionydyr. Oýun toparlaýyn tapgyryň ilkinji oýunlarynda iň netijelisi boldy.Biziň futbolçylarymyz duşuşygy ynamly başlap, eýýäm 11-nji minutda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň pökgüleri derwezä geçirmekde iň ýokary netijäni gazanan türgeni Myrat Ýakşiýew hasaby açdy. Soňra owadan utgaşykly tilsimlerden soň, gyrgyz toparynyň derwezesine ikinji pökgini Altymyrat Annadurdyýew geçirdi. Ýer eýeleri bir jogap pökgini geçirmegi başardylar, ýöne indiki hüjümiň netijesinde A.Annadurdyýew ikinji pökgini hem derwezä geçirip, tapawudy artdyrdy.Duşuşygyň ikinji ýarymynyň başynda “Alaý” aratapawudy gysgaltdy. Soňra toparlar birek-biregiň derwezesine pökgüleri geçirdiler. M.Ýakşiýew duşuşykda ikinji pökgüsini derwezä geçirdi. Hasap 4:3 boldy. “Altyn Asyr” toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň oýunçylarynyň birnäçesini çalşanyndan soňra, biziň futbolçylarymyz netijeli hüjümleriň ýene-de ikisini geçirdiler. Tapawutlananlaryň arasynda A.Annadurdyýew hem-de Begmyrat Baýow bar. Ahyrky hasap 6:3 boldy — bu bolsa paýtagtymyzyň futbol topary üçin ýaryşda ajaýyp başlangyçdyr.Ilkinji tapgyrda “Ahal” futbol toparynyň garşydaşy Täjigistanyň çempiony, AFK-nyň Kubogy ugrundaky geçen gezekki ýaryşyň finalçysy “Istiklol” topary boldy. Duşuşyk Duşenbe şäherinde geçirildi, ýöne deslapky oýunlar arkaly toparlaýyn tapgyra çykan toparymyz mynasyp oýun görkezdi.“Ahalyň” futbolçylary duşuşygyň birinji ýarymynda pökgini derwezesine geçirtseler-de, garşydaşa hasaby artdyrmaga ýol bermediler, ýöne hasaby deňlemegi hem başarmadylar. Duşuşyk az tapawut bolan 1:0 bilen täjik toparynyň peýdasyna tamamlandy.Ilkinji tapgyryň netijeleri boýunça “D” toparçasynda derwezä pökgüleri salmagy we goýbermegi boýunça “Istiklol” toparyndan öňe geçip, öňdeligi Aşgabadyň “Altyn Asyr” topary, üçünji orny “Ahal” topary eýeleýär we ahyrky 4-nji orunda “Alaý” topary barýar.
Okalan sany: 92   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07786 sek. ýüklenen baýt: 30483