Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Agadirden hoş habar.
Ýazylan wagty: 13 марта 2018 Ýazan Mayichka
Marokko Patyşalygynyň Agadir şäherinde geçirilýän dzýu-do boýunça “Agadir Grand Prix” abraýly turnirinde watandaşymyz Batyr Hojamuhammedow bürünç medal eýeledi.Deslapky tapgyrda B.Hojamuhammedow ussatlyk görkezip, ýaryşyň 18-nji sekundynda möhletinden öň ukrain türgeninden üstün çykdy. Ol çärýek finalda turniriň geljekki ýeňijisi russiýaly Kirill Denisowdan ýeňlendigine garamazdan, hormat münberine çykmagy başardy.Türkmen türgeni bürünç medal ugrundaky bäsleşikde Patrik Mozer (Şweýsariýa) bilen güýç synanyşdy. Çekeleşikli tutluşygyň üçünji minudynda B.Hojamuhammedow aýgytlaýjy emeli ulanyp, bäsleşigi möhletinden öň ýeňiş bilen tamamlady we dzýu-do sportunda ýokary netije hasaplanylýan “iponn” derejä mynasyp boldy.“Agadir Grand Prix” turniriniň jemleri boýunça türkmen dzýudoçylary iki bürünç medal eýelediler. Ozal habar berlişi ýaly, 52 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän, halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa hem ýygyndy toparymyzda bir bürünç medal eýeläpdi. Ol iki gezek örän netijeli emeli ulanyp, bäsleşigiň birinji minudynda ýeňiş gazanmagy başardy.
Okalan sany: 79   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05632 sek. ýüklenen baýt: 29354