Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Nowruz geldi ilime.
Ýazylan wagty: 21 марта 2018 Ýazan Mayichka
Nowruz baýramy gadymdan gelýän baýram.
Ony şahyrlarymyz uly hyjuw bilen wasp edipdirler. Omar Haýýam „Nowruznama“ eserinde, „Şeýdip dünýäniň taryhy başlandy“ diýip ýazsa, Magtymguly atamyz:

Gökde ýyldyz hormaty,
Ýerde Nowruz hormaty,
Gije- gündiz hormaty
Günähim güzeşt eýle!

diýip, milli baýrammyza uly hormat goýýar.
Bahar hemişe tebigatyň janlanmagy bilen baglanyşdyrylypdyr, ol täzelenşiniň üýtgewsiz nyşany bolmak bilen, şatlyk we tebigata janlanyş getiripdir.
Nowruz iň gadymy döwürden bäri belli bolan täze ýyl baýramydyr. Mukaddes „Awestada“ ol täze üylyň başynyň ýazky gije-gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýändigi barada bellenilýär. Şonuň üçin bolsa gerek „Ýylyk nähili boljakdygy Nowruszdan görüner“ diýen pähim öňden bellidir. Nowruzyň öňi syrasynda ot üakylyp, ondan obanyň ilatynyň ählisi böküp geçip, günälerini ýuwupdyrlar. Nowruzda esasan ösümliklerden taýýarlanylan tagamlary iýipdirler. Et we süýjilikler goşulan tagam uly gazanlarda bişirilipdir. Baýramçylyk saçaklarynyň başyna, şol gün öýe gelenleriň ählisi geçipdirler.

Nowruzda ähli günäler unudylýar. Adamlar birek-birege myhmançylygabaryp, hoş dilegleredüärler, gülüşip-degişip, bir-birlerine şatlyk paýlaýarlar. Täze lybslar geýip, göwünlerini ga;kyndyrýarlar. Hiňňildiklerde uçyp ýagşy arzuwlar edýärler.

Ir wagtlar ýigitleröz halaşýan gyzlary bilen aç-açan gürleşip bilmänsoňlar, ondan çykalga gözläpdirler. Gyzlaryň bolýan öýleriniň depesine çykyp, tüýnikden öz magşuklaryna sowgatlaryny sallapdyrlar. Gyzlar sowgaty kabul edip, yzyna, şol sallanan ýüpe öz sowgatlaryny- tahýa, ýaglyk, ahltajyk,... ýaly ýadygärlik sowgadyny dakyp göýberipdirler.

Ylmy-tehnologiki ösüşdöwründe, ýagny biziň döwürdeşlerimiz , pederlerimiziň däbine eýerip Nowruz baýramyny has giň, has şowhunly bellemäge başladylar. Ol güler ýüzliligiň, şadyýanlygyň, sahylygyň alamatyny özünde jemleýär. Halklary biri-birine golaýlaşdyrýar.
Biziň ülkämizde Nowruz baýramy has giňden bellenilýär. Obalarda, şäherlerde, ýörüte meýdançalarda hiňňildikler dikilýär. Hiňňildigem, onuň töweregem, her köçe, her jaý bezelýär. Al-elwan bolup duran meýdanda hoş owazly gyz-gelinler, basan ýeinden ot çykyp duran ýigitler bezelen geýinişip, owsun atyp ýöriş edýärler, aýdym aýdyp, saz çalýarlar, tans oýnaýarlar. Folkýor toparlarymyz giňden çykyş edip, gadymy däp dessurlarymyzy ile ýaýýarlar. Monjuk atdy oýnaýarlar.
Okalan sany: 327   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
21 марта 2018

Nowruz geldi, ýaz geldi, Garga gitdi, gaz geldi. Oturan adamlara, Bilbilden owaz geldi. Geldi täze Nowruzlar, Seýrana çykdy gyzlar. Ýaryň gyýa bakyşy, Ýürek bagrymy duzlar. Nowruz geldi bu gije, Gije atarlar bije. Kimiň bijesi çyksa, Baýragy horaz-jüýje.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05765 sek. ýüklenen baýt: 31269