Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Aşgabat şäherinde Bütindünýä saglyk güni welosiped ýörişi belen dabaraly bellenildi
Ýazylan wagty: 07 апреля 2018 Ýazan Meret
Häzirki döwrde ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen birlikde sport ulgamy hem okgunly ösdürilýär. Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde köpçülikleýin sportuň giňden ösdürilmegi halkymyzyň sagdyn durmuşyny kemala getirmekde esasy oruny eýeleýändir.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän möhüm ähmiýetli maksatnamalary diňe bir beden taýdan sagdynlyga we ýokary netijeleri gazanmaga däl, eýsem şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine hem çagyrýar.

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň Sagdynlygyň aýy diýlip yglan edilmegi hem-de 1-30-njy aprel aralygynda “Sagdynlyk we ruhubelentlik” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň geçirilmegi bagtyýar halkymyzyň saglygyny berkitmek, Berkarar döwletimizde bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr. 

Sagdynlyk aýynyň her bir gününde ýurdumyzyň ähli pudaklaryna degişli bolan edaralarda irdenki maşklar köpçülikleýin ýerine ýetirilýär. Berkarar döwletimiziň ähli künjeklerinde sportuň birnäçe görnüşleri boýunça sport ýaryşlary gurnalýar we ýeňijilere baýraklar gowşurylýar. 

Her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda ählihalk baýramy hökmünde giňden dabaralanýan Bütindünýä saglyk gününde däbe öwrülen köpçülikleýin welosipedli ýöriş Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu ýyl hem güneşli Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirildi. 

Ol paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň ilatyny, umuman, watandaşlarymyzyň müňlerçesini özünde jemledi. Bu ýöriş paýtagtymyzyň Köpetdag we Çandybil çatrygyndan başlanyp 15 müň metr aralykda dowam etdi. Ýörişiň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň medeniýet ussatlarynyň, folklor we tans toparlarynyň çykyşlaryna, ýaş türgenleriň ussatlyk bilen görkezen oýunlaryna tomaşa etdiler. Bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplary säher bilen Köpetdagda ýerleşýän Saglyk ýoluny ruhubelentlik bilen geçdiler.

Döwletimizde bedenterbiýäni we sporty ösdürip, halkymyzyň, esasan hem ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň sagdyn bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Okalan sany: 465   Jogaplar: ( 1 )

Meret
07 апреля 2018

Tüweleme şeýle çäreler geçip dursyn 


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06564 sek. ýüklenen baýt: 31771