Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
TÜRKMENISTANDA KENARÝAKA GANDBOLY
Ýazylan wagty: 10 апреля 2018 Ýazan Mayichka
TÜRKMENISTANDA KENARÝAKA GANDBOLY Türkmenistanda kenarýaka gandboly boýunça ilkinji gezek Türkmenistanyň çempionaty 2015-nji ýylda Balkan welaýatynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi Onda Aşgabat şäheriniň erkekler we aýallar ýygyndy topary ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, birinji orna we bu görnüşden ýurdumyzyň ilkinji çempiony diýen hormatly ada, Balkan welaýatynyň erkekler we aýallar ýygyndy topary ikinji orna we kümüş medala, Mary welaýatynyň erkekler we aýallar ýygyndy topary bolsa üçünji orna we bürünç medala eýe boldular. Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary 1998-nji ýylda ilkinji gezek halkara kenarýaka gandbol ýaryşlaryna gatnaşyp başlady. Şol ýyl olar Türkiýäniň Şile şäherinde geçirilen ýaryşa gatnaşdylar. Gazagystan, Türkiýe, Bolgariýa, Awstraliýa, Norwegiýa, Täze Zelandiýa, Kipr we Gollandiýa ýaly döwletleriň gatnaşan ýaryşynda türkmenistanlylar ikinji orny we kümüş medaly eýelediler. 1999-njy ýylda bu halkara ýaryşy Türkiýäniň Köýjegiz şäherinde geçirilýär. Onda ildeşlerimiz üçünji orna we bürünç medala mynasyp boldular. 2004-nji ýylda Köýjegiz hem-de Antaliýa şäherlerinde geçirilen şeýle halkara ýaryşlarynda türkmenistanly kenarýaka gandbolçy zenanlar 2-nji baýrakly orny eýelediler. 2005-nji nji ýylda Türkiýäniň Alaniýa, Antaliýa şäherlerinde geçirilen halkara ýaryşlarynda birinji orna we altyn medala mynasyp boldular. Şol ýyl Kipr döwletinde geçirilen halkara ýaryşynda üçünji orny we bürünç medala mynasyp boldular. Türkmenistanyň kenarýaka gandbol ýygyndy topary şu aşakdaky düzümde çykyş etdi: Gülendam Narbaýewa, Güljemal Myradowa, Gülnar Myradowa, Lýudmila Şişkina, Swetlana Hanyýewa, Olga Kazansewa, Maýa Hanowa, Danýa Aksýonowa, Aleksandra Pýatniskaýa, Irina Kowalenko, Kseniýa Gorbunowa, Larisa Şumilowa, Nataliýa Žakypowa, Saodat Begjanowa, Lýudmila Kožewnikowa. 2009-njy ýylda Antaliýada, 2010-njy ýylda hem Antaliýada, hem Alaniýada geçirilen halkara ýaryşlarynda-da biziň ildeşlerimiz öňdäki orunlary eýelemegi başardylar. Şeýle hem 2012-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň Haýang şäherinde geçirilen Kenarýaka Aziýa Oýunlaryna Türkmenistanyň aýallar milli ýygyndy topary gatnaşyp, baýrakly orna mynasyp boldy. Soňra Oman döwletinde geçirilen kenarýaka Aziýa çempionatyna Türkmenistanyň aýallar milli ýygyndy topary gatnaşyp, baýrakly orna mynasyp boldy. Şeýle-de Taýland döwletinde geçirilen Kenarýaka Aziýa Oýunlaryna Türkmenistanyň aýallar milli ýygyndy topary gatnaşyp, baýrakly orny eýeledi. Türkmenistanbyň aýallar milli ýygyndy toparynyň sanawyna şu aşakdaky türgenler girýärler: derwezeçiler: Ogulbahar Halylowa, Aýna Mämmedowa, Zarina Pinowa, oýunçylar: Albina Geldiýewa, Darýa Žandarowa, Jennet Rahymowa, Nargiza Döwletowa, Oguldurdy Annaorazowa, Zarina Çaryýewa, Jennet Döwranowa, Aziza Bazarowa, Dilýara Japarowa, Aýjeren Amansähedowa. Bu toparyň baş tälimçisi bolsa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň “Türkmen milli we sport oýunlary” kafedrasynyň uly mugallymy, baý tejribeli Pawel Aleksandrowiç Pereworuhadyr.
Okalan sany: 36   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07497 sek. ýüklenen baýt: 31163