Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sport desgalaryny telekeçilik üçin peýdalanmak.
Ýazylan wagty: 10 апреля 2018 Ýazan Mayichka
“Sport desgalaryny telekeçilik üçin peýdalanmak” bölüminiň maksady geljekki hünärmende sport desgalaryny telekeçilik üçin peýdalanmak boýunça menejment pudagynda ilkinji nazaryýet bilimlerini we tejribelik endiklerini kemala getirmekden, sport desgalaryny ulanmaklykda goşmaça görnüşleri gözläp tapmakdan we guramaklykdan (diňe bir bedenterbiýe we sport çärelerini guramak we geçirmeklik däl), türgenlere we sport desgalaryna gelýänleriň beýleki derejelerine goşmaça (telekeçilik) hyzmatlarynyň görnüşlerini we usullaryny işläp taýýarlamaklykdan ybaratdyr. “Sport desgalaryny telekeçilik üçin ulanmaklygyň” predmeti we umumy ugry şu aşakdakylar hasaplanylýar: sport desgasynyň menejmentiniň (klubuň, toparyň, komandanyň) işiniň esasy ugruna syn bermek: bedenterbiýäniň we sportuň infrastrukturasyny we anyk sport desgasyny rekreasion peýdalanmaklygyň mümkinçilikleriniň nazaryýet rekrealogiýasynyň we rekreasion geografiýasynyň esaslary bilen tanyşmaklyk; ilatyň rekreasion işiniň dürli görnüşlerini we ugurlaryny durmuşa geçirmek üçin ýer hökmünde sport desgalaryny telekeçilik taýdan peýdalanmaklygyň görnüşlerini we usullaryny öwrenmeklik; myhman kabul etmekligiň indurstriýasy kärhanasynyň tejribelik usullaryny öwrenmeli we olar bilen sport desgasynyň menejmentiniň özara gatnaşyklarynyň görnüşlerini ele almaly; ulag hyzmatlary kärhanasynyň işiniň guramaçylygynyň tejribelik usullaryny öwrenmeli we olar bilen sport desgasynyň menejmentiniň özara gatnaşyklarynyň görnüşlerini özleşdirmeli; şou-biznes guramalarynyň işiniň guramaçylygyndaky tejribelik usullaryny öwrenmeli we olar bilen sport desgasynyň menejmentiniň özara gatnaşyklarynyň görnüşlerini öwrenmeli. Dersiň okadylýan prosesinde okatmaklygyň dürli görnüşli usullary göz öňüne tutlýar, aýratyn hem umumy okuwlar, söhbet sapaklary we tejribelik sapaklary Şol sanda bedenterbiýe we sport hökmünde kärhanalara we guramalara, şeýle-de garyşyk pudaklara gidip, göçme sapaklary guramaklyk), anyk tejribelik hadysalaryna seljerme bermeklik göz öňüne tutlýar. Talyplaryň özbaşdak işlerini guramaklykda sapaklaryň temalaryna laýyklykda referatlary ýazmaklyk, söhbet sapaklarynyň dokladlaryny taýýarlamaklyk hem-de kärhanalara we guramalara barmaklygyň hasabatlary göz öňüne tutlýar. Bilimlere gözegçiligiň görnüşleri barlag işlerini ýerine ýetirmekligiň görnüşinde deslapky, aralykdaky we jemleýji barlaglary, saýlap ýa-da dolulygyna testleri geçirmekligi özünde jemleýär. Mundan başga-da döwlet standartlaryna differensirlenen hasap görnüşinde jemleýji barlag geçirilýär.
Okalan sany: 67   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07804 sek. ýüklenen baýt: 30995