Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Bal tanslary.
Ýazylan wagty: 10 апреля 2018 Ýazan Mayichka
Bal tanslary – jübüt tanslar topary bolup, özüniň milli çeşmelerine eýedir hem-de ýörite tans aýakgabynda düzgün boýunça parket düşelen ýapyk binalardaky dabaraly agşamlarda, ballarda, ýaryşlarda geçirilýär. Hem nusgawy (taryhy-durmuşy), hem milli tanslaryň ägirt uly bolan dürli görnüşlerinden bal tansynyň toparyna iki sany alamaty häsiýetlendirýän şu aşakdakylar girizildi: ähli bal tanslary jübüt hasaplanylýar; jübüti beden gatnaşyklaryny berjaý etmek bilen tans edýän erkek we aýal düzýär. “Bal” sözi fransuzlaryň we ruslaryň üstünden bize gelipdir we latyn diliniň “ballare” işliginden bolup, “tans etmek” diýmegi aňladýar. Taryhy bal tansy – hakyky jemgyýetçilik tansynyň islendik görnüşi bolmak bilen, dürli döwürlerde gyzyklanmalar üçin jemgyýetde ýerine ýetirildi. Barokko döwründe (XVI-XVIII asyrlarda ýaýran çylşyrymly we arhitektura hem heýkel stili) tans eýýäm sporty özüne birleşdirýän orna eýe bolýar: bedeniň medeniýetini ruhuň medeniýeti bilen deň derejede saklamak. Her bir döwrüň öz tans stili we repertuary bolupdyr. Muny bilim berýän edaralarda tans taýýarlygyny öwretmegiň pedagogiki prosesiniň guramaçylygynda dürli ugra gönükdirilen we dürli žanrly tans hereketlerini maksatnama goşmak üçin saýlamakda we olary goşmakda hasaba almak hökmanydyr. Şol bir wagtyň özünde tansyň sungaty elmydama şahsyýetiň ýüze çykarylmagyna mümkinçilik berýär. Depgini we joşgunlylygy boýunça dürli görnüşli tansy ýerine ýetirmek bilen (mylaýym, liriki ýa-da joşgunly, hyjuwly, temperamentli), tansçy olarda öz şahsy häsiýetiniwe joşgunlylygyny paýhasly ýa-da paýhassyz ýüze çykarýar. Adam bedeniniň mylaýymlygynyň egsilmez mümükinçiliklerini ulanmak bilen horeografiýa köp asyrlaryň dowamynda tans hereketleriniň ýüze çykyşyny kämilleşdirdi we täzelerini işläp taýýarlady. Bu çylşyrymly prosesiň netijesinde hususy horeografiki hereketleriň, tans şekilleriniň aýratyn çeper materialynyň we bedeniniň hereketleriniň owadanlygynyň ulgamy kemala geldi.
Okalan sany: 61   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06291 sek. ýüklenen baýt: 30291