Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
KURAŞY ÖZLEŞDIRMEKLIGIŇ NAZARYÝETI WE USULYÝETI.
Ýazylan wagty: 10 апреля 2018 Ýazan Mayichka
KURAŞY ÖZLEŞDIRMEKLIGIŇ NAZARYÝETI WE USULYÝETI
Meşgullanýanlaryň we sapaklaryň geçirilýän ýerleriniň gigiýeniki talaplary. Sportdaky dessury berjaý etmek. Yzygiderli işlemek, dynç almak, iýmitlenmek. Deriňi, saçyňy, dyrnaklaryňy arassa saklamak, şeýle-de eşigiň arassalygyny ünsden düşürmezlik, köwüşleriňi, süpürgiçleriňi wagtly-wagtynda arassalap, çalşyp durmak. Agyz boşlugyň, burnuň, gulaklaryň arassalygyny ünsden düşürmezlik. Zalda howa çalşygyny, ýelejiretmekligi we çyglylygy berjaý etmek. Zaly wagtly-wagtynda arassalap durmak. Türgenleşik wagtynda alnan şikesleri, ýaralary täzeden gözden geçirmek.
Kuraşdaky etiket.
Sapak wagtynda köp gürleşmeklik, oturmaklyk, ýatmaklyk maslahat berilmeýär. Öz säwlikleriň üçin ötünç soramaklygy unutmaly däl. Ýoldaşlaryňa hormat goýmaly, sarpasyny saklamaly. Özüňi mynasyp alyp barmaly.
Bedeniň gurluşy.
Süňk ulgamy: skletiň wezipeleri – direg, gorag, hereket. Süňkleriň görnüşleri. Süňk bogunlary, bogunlar. Myşsa ulgamy: myşsalaryň süňklere berkidilmegi, myşsalaryň ýeňip geçýän, ornuny berýän we saklaýan wezipeleri. Nerw ulgamy: merkezi we periferiki. Şertli we şertsiz refleksler. Gan geçiriji ulgam: damarlar, öýjükler we tikinler. Dem alyş ulgamy: öýken, dem alyş, kislorody gana geçirmek.
Okalan sany: 46   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05042 sek. ýüklenen baýt: 29184