Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy dowam edýär.
Ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, paýtagtymyzda ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy dowam etdirilýär.
Ýagny, Aşgabat şäher häkimligi bilen Türkmenistanyň Senagat ministrligi şäheriň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň ugrynda 1120 hojalyga niýetlenen 35 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýlaryň, şeýle-de şol ýerde orta mekdebiň, çagalar bagynyň hem-de söwda merkeziniň gurluşykişlerine girişdiler.
Bu ýaşaýyş jaýlaryň bahalarynyň elýeterli bolmagy, satyn almaga isleg bildirýänleriň sany gün saýyn artýar.
Şeýle-de, bu ýaşaýyş toplym Aşgabat şäheriniň arhitektura aýratynlyklaryna özüniň gözelligini goşjakdygyny ynam bilen aýtmak bolar.