Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
«Okaýan il ozar»
Ýazylan wagty: 10 апреля 2018 Ýazan NEXTTM

«Okaýan il ozar» 

Ýakynda ýurdumyzda milli parlamentiň deputatlarnyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatynyň hem-de geňeş agzalarnyň saýlawlary giň bäsleşik esasynda geçirildi. Saýlawlaryň geçişine dünýä ýurtlary uly gyzyklanma bildirdi.

Metbugat sahypalarynda bellenmegine görä, saýlaw uçastoklarynda jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň geçrilişine onlaýn arkaly syn etmek mümkinçiliginiň döredilendigi bu gezek saýlawlaryň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar.

Köpetdag etrabynyň 48-nji saýlow uçastogy paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji orta mekdebiniň binasynda ýerleşdirildi. Bu ýerde ir säher bilen aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanyp ugrady, öňden görlen göwnejaý taýýarlyk işleriniň netijesinde, saýlawlar guramaçylykly ýagdaýda geçirildi. Uçastok boýunça ilkinji gezek ses berýän ýaşlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bu saýlawlar Türkmenistanyň demokratik, hukuk döwletini gurmagyň ýolunda ynamly öňe barýandygyny nobatdaky gezek tassyklady. Üç syýasy partiýanyň saýlawlara işjeňlik görezip gatnaşmagy, ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň ösdürilýändigini, köp partiýalylyk gatnaşyklarynyň has kämilleşýändigini görkezdi.

Bilişimiz ýaly, döwlet Baştutanymyz 30-njy martda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylşynyň ilkinji maslahatynda eden çykyşynda deputatlara “Okaýan il ozar” diýen ajaýyp pähimi ýatlap, ylym-bilim ulgamlaryny düpli özgertmegiň we kämilleşdirmegiň döwletimiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny bellemek bilen bu ulgamy ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, bu ugurdaky özgertmeleriň hukuk-kanunçylyk esaslaryny üpjün etmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýytdy.
Biz, bilim ulgamynyň işgärleri, milli lidermiziň ynamyny ödemekde, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde zehinbaşarnygymyzy gaýgyrman işläris.


                                                          Köpetdag etrabynyň ýaşaýjysy Bibijemal Muhammedowa                                                             

Okalan sany: 17   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05434 sek. ýüklenen baýt: 31800