Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ýuwaş gelin-Selbi hakda söhbet.
Ýazylan wagty: 10 апреля 2018 Ýazan NEXTTM

“Ýuwaş gelin”-Selbi hakda söhbet.
                        
     “Ýuwaş gelin” kinofilminiň baş gahrymany Selbi-Tatýana Wiktorowna Fedoruşenko (gyz.f. Moskalenko) ömrüniň dowamly bölegini muzeý işgäri, soňra mekdep mugallymy bolup işlän, bu zenan häzir hormatly dynç alyşda, Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde ýaşaýar. 


-“Ýuwaş gelin” kinofilminde surata düşmekligim durmuş ýolumdaky menzillere diňe abraý, hormat getirdi. Men bu kinofilmde 1969-njy ýylda 9-njy synp okuwçysy wagtym “Selbiniň” keşbinde çykyş etdim. Bu meniň üçin ýatdan çykmajak günler boldy. Bu film arkaly “Ýuwaş gelin”, ýagny men-Selbi gelin tomaşaçylaryň hemişelik söýgüli gelnine öwrüldim.


Meşhur ýazyjy Naryman Jumaýewiň powesti esasynda döredilen, Bagyr obasynda düşürilen bu filmde gaýyn atam Şamyrat aga - Şükür Kulyýewi, gaýynenem Maral eje - Aýsoltan Berdiýewany, Jemşit - Taňryguly Seýitgulyýewi, Janmyrat - Azat Gulmämmedowy ýatlamak meniň üçin has hem ýakymly. Sungatyň janköýerleri, esasan hem ýaşlar şu günki günde-de meniň bilen duşuşyklar geçirip, durmuş ýolum, kinoda ýerine ýetiren keşbim barada gyzyklanýarlar. Olar mende alçak, sylag-hormatly, sabyrly hakyky türkmen gelni - Selbini görendiklerini aýdýarlar. Men ýaşlyk ýyllaryma biygtyýar dolanmaly bolýaryn. Agzybir maşgalam bilen asuda ýurtda ýaşanyma müň şükür- diýip, Selbi gelin aýdýar. 


T.Fedoruşenkonyň maşgalasynda 2 çagasy bar, gyzy Tuwakowa Ýelena (gyz fam. Fedoruşenko) D.Azady adyndaky Тürkmen milli dünýä dilleri institutynyň roman-german dilleri fakultetini tamamlan. Ogly Kirill Fedoruşenko ilki Aşgabat şäherindäki A.Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank kolledžini, soňra RF-niň Orýol döwlet uniwersitetini tamamlan. Olaryň ikisi hem maşgalaly, Hazar deňzinde iş alyp barýan kompaniýalarda zähmet çekýärler.


Tatýana Wiktorowna “çagalarymy zähmet ýoluna gönükdirip, olaryň halal zähmetiniň miwesini görmek meniň üçin uly bagt” diýip buýsanç bilen aýdýar.

                                                                                                   B.Gylyjowa, Hazar şäheriniň ýaşaýjysy.                                                         

Okalan sany: 123   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07606 sek. ýüklenen baýt: 32788