Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÄZE BELENTLIKLERE TARAP
Ýazylan wagty: 10 апреля 2018 Ýazan NEXTTM

TÄZE BELENTLIKLERE TARAP

Gahryman Arkadagymyz eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belende göterilmeginde, şonuň netijesinde hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň öz mynasyp dowamyny tapmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Bu uly alada mynasyp iş bilen jogap bermegi maksat edinýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabatdaky «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri ýylyň-ýylyna täze-täze sepgitleri eýelemegi başarýarlar.

Nebitgazly ojaklardaky gazylan we burawlaýyş işleri alnyp barylýan guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny içgin öwrenmek, takyklanylan öndümli gatlaklarda, zerur bolan halatynda, partlaýyş işlerini amala asyrmak ýaly gaýragoýulmasyz işleriň onlarçasy hut şu müdirligiň geofizikleriniň paýyna düşýär. Aňryçäk derejede has anyk kesgitlemeleri talap edýän bu möhüm işlerde müdirligiň Balkanabatdaky barlaghanalary, şeýle hem milli Liderimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren kuwwatly awtoulaglarynda oturdylan ýöriteleşdirilen kämil barlaghanalary ygtybarly peýdalanylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň irginsiz aladasy netijesinde soňky ýyllaryň dowamynda bu öňdebaryjy müdirlik tutuş ýurduň nebitgaz toplumynyň iň täze tehnologiýalary ulanyp, möhüm işleri geçirip bilýän häzirki zaman kärhanasyna öwrüldi. Onuň garamagyndaky Ekerem we Hazar önümçilik-geofiziki, nebitgaz känlerini göni usullarda barlaýan önümçilik geofiziki, nebitgaz känlerinde barlag-gözegçilik boýunça önümçilik geofiziki, ýokary tehnologiýa enjamlaryny özleşdirýän geofizika kompýuter tehnologiýasy ekspedisiýalary, karotaž tehnikalary we guýy geofiziki enjamlaryny abatlaşdyryş ýaly beýleki gulluklar bu wezipelere hötde gelmeklige doly ýardam edýär.

Kärhanada eýelenýän belent sepgitleriň mynasyp dowamatyny tapmagyny gazanmagy başarýan öz işine ussat hünärmenleriň ýüzlerçesi bar. Müdirligiň geofizikleriniň arasynda yzygiderli guralýan hünär bäsleşikleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Karotažçylar Garberdi Baýramberdiýew, Atageldi Guljanow, topar ýolbaşçylary Mihail Çerkasow, Wladimir Potýomkin, Akjagül Setdarowa, geofiziki maglumatlary teswirleýän ekspedisiýanyň baş geofizigi Maral Täçmämmedowa ýaly öňdebaryjylaryň onlarçasy her bir işde kärdeşlerine görelde mekdebi bolup durýarlar.

Tutuş kärhana boýunça geçen 2017-nji ýylda 50 million 63 müň manatlyk işleri özleşdirmek baradaky meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Bu kärhanada önümçilik tabşyryklarynyň hemişe artygy bilen berjaý edilmeginde müdirligiň Hazar şäherindäki we Ekerem şäherçesindäki senagat-geofizika ekspedisiýalarynyň, Balkanabatdaky kompýuter-tehnologiki hem-de ýokary tehnologiki enjamlary ornaşdyryş ekspedisiýalarynyň mynasyp goşantlary bar. Işleriň häzirki depgini müdirlikde bosagadan ynam bilen ätlän «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň meýilnamalarynyň hem üstünlikli berjaý ediljekdigine bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär.


Hojaberdi BAÝRAMOW,
«Nebit-gaz».

Okalan sany: 44   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07696 sek. ýüklenen baýt: 32273