Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
MEŞHUR TÜRKMEN KÜŞTÇÜSI TÄŞLI TAÝLYÝEW.
Ýazylan wagty: 11 апреля 2018 Ýazan Mayichka
MEŞHUR TÜRKMEN KÜŞTÇÜSI TÄŞLI TAÝLYÝEW Asly käri boýunça Täşli Taýlyýew mirap bolupdyr. Ömrüni kolhoz meýdanlaryny suwaryp, mirapçylyk edipdir. Pikirlenip otursaň, mirapçylyk bilen küştçiniň arasynda meňzeşlik bar. Mirap suw hemme ýere deň ýeter ýaly, öňünden meýdanyň ululy-kiçiligini, beýikli-pesligini bilmeli. Nirä näçe möçberde suw gerekdigini hasaba almaly. Iň esasy bolsa topragyň ähli ýerini teşnelikden gandyrjakdygyny ýüregiň bilen syzmaly. Küşt oýny hem edil şonuň ýaly, hemme zady ölçemeli, hasaplamaly, kesgitlemeli. Ýüregiň bilen syzmaly. 1939-njy ýylyň tomsunda bolup geçen waka ýönekeý daýhan küştçüsini dünýä tanatdy. Ilkinji gezek oba küştçüleriniň arasyndaky ýaryşa gatnaşyp, şol ýaryşa gelen Orsýetiň, Ukrainanyň, Belorusuň, Orta Aziýanyň, Kawkazyň wekilleriniň ählisinden üstün çykyp, 9 oýundan 9 ýeňiş gazanýar! Türkmenistandan gelen ýönekeý daýhan küştçiniň bu ýeňşi köpleri haýran galdyrypdyr. Hatda meşhur Mihail Botwinnik bu üýtgeşik adam bilen duşuşypdyr. Ol Täşli Taýlyýew bilen bir döw küşt oýnapdyr. Ynha, dünýäniň 13 gezek çempiony bilen welin Täşli Taýlyýew deňme-deň oýnamaly bolupdyr. Şonda M.Botwinnik türkmen küştçüsiniň ýönekeýden täsirli oýnuna uly baha beripdir. Täşli Taýlyýewiň ady şol ýaryşdan soň küştüň taryhynda ebedilik galdy.
Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06104 sek. ýüklenen baýt: 29304