Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
TÜRKMEN MILLI OÝUNLARY.
Ýazylan wagty: 11 апреля 2018 Ýazan Mayichka
TÜRKMEN MILLI OÝUNLARY
Türkmen milli oýunlary ajaÿyp zamanamyzda täze lybasa girdi. Munuň özi türkmeniň beýik özgertmeler zamanasynda kemala geljek ýaşlaryň terbiýesine saldamly goşant goşar. Türkmen milli oýunlarynyň taryhy örän gadymydyr. Oguzlar, seljuklar zamanalaryndan soň geçilen müňlerçe ýyllyk ýollar oýunlaryň öz döwürleri bilen baglanyşykly barha kämilleşmegine getiripdir. Şol döwürlerde-de, şu günlerem türkmen milli oyunlary her bir ýaş şahsyýetiň kemala gelmegine güýçli täsir edýär. Olarda eserdeňlik, ünslülik, duýgurlyk, ýatkeşlik ýaly häsiýetleri terbiýeleýär. Adam süňňüniň çeýeligi, çalasynlygy, çaltlygy, çydamlylygy, ugurtapyjylygy, çylşyrymly hem çykgynsyz pursatlardan baş alyp çykmagy ahlak, zähmet, estetiki, beden we akyl terbiýesi bilen içgin baglanyşyklydyr. Mysal üçin, „Bukuldym” oýny syr saklamagy we syry açmak ýaly häsiýetleri terbiýelese, „Çilik”, „Hekgal” ýaly taýak bilen oýnalýan oýunlar harby terbiýäni – nyşana dürs degmek, mergenlik ýaly endikleri terbiýeleýär. Şu wagta çenli türkmen milli oýunlarynyň 100-den gowragy ýygnanylyp, olar öz aýratynlyklary boýunça toparlara bölündi. Sebäbi, olar aýry-aýry sport görnüşleri bilen berk baglanyşyklydyr. Käbir milli oýunlarymyz türgenleşikden ýa-da ýaryşdan soň dartgynlygyňy aýyrsa, käbirleri höwesiňi artdyrýar, hyjuwlandyrýar, ganatlandyrýar, ruhy lezzet berýär. Bu zatlaryň hemmesi özgertmeler eýýamynda täze lybas geýen türkmen milli oýunlarymyzyň mundan beýläk-de has söýgüli oýunlar bolmagyny gazanmaga ýardam berýär.
Okalan sany: 78   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,15937 sek. ýüklenen baýt: 29486