Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
ORTA ASYRLAR MEDENIÝETI.
Ýazylan wagty: 12 апреля 2018 Ýazan Mayichka
“Orta asyrlar” düşünjesi XY asyrda italýan gumanistleri tarapyndan ulanyşa girizilen düşünjedir. Bu düşünjäni olar öz döwürleri, ýagny Täzeden döreýiş döwri bilen medeniýetiň örän ösen zamanasy bolan antik (latynça: antiqua - gadymy) döwrüniň arasynda ýatan medeniýetiň pese gaçan döwrüni atlandyrmak maksady bilen girizipdirler. Olaryň pikiriçe, orta asyrlarda katolik buthanasynyň zor salmagy we beýleki käbir sebäplere görä medeniýet pese düşüpdir. Orta asyrlaryň hronologiýa taýdan belli bir kesgitli çäkleri ýok. Olar, takmynan, IY-Y asyrlardan XY-XYI asyrlara çenli döwri öz içine alýar. Umuman, orta asyrlar döwri bu feodalizmiň dörän, agalyk eden we dargan döwrüdir. Ýewropada ol jemi 12 asyry öz içine alan bolsa, Aziýada has uzak dowam edipdir. 2. Orta asyrlardaky arap medeniýeti. Biziň bilşimiz ýaly, YII asyrdan başlap arap basyp alyşlarynyň netijesinde günbatarda Ispaniýadan başlap gündogarda Hindistana we Mawerennahra çenli ýerler arap medeniýetiniň täsiriniň astyna düşüpdir. YII-X asyrlarda bu ägirt uly territoriýada ýaşan halklar üçin halkara gepleşik dili hökmünde arap dili hyzmat edipdir. Bu ýerleriň medeniýetini arap ýa-da musulman medeniýeti diýip şertli atlandyrýarlar. Sebäbi bu arap halyflygynyň düzümine giren beýleki halklaryň öz medeniýetleri-de ösmegini dowam edipdir. Şol medeniýetler bir-birine öz täsirlerini ýetiripdirler. Keramatly “Gurhan” kitaby yslam dininiň esasy ýörelgesi bolupdyr. Gurhan (sesli, ýatdan okamak) - musulmanlaryň esasy keramatly kitaby. 610-632-nji ýyllarda Muhammet pygamber tarapyndan Mekgede we Medinede ýazylypdyr. Gurhanyň ilkinji ýazgylary Muhammet pygamberiň ölüminden soň (632-nji ýyl) ýaýrap başlapdyr. Gurhan ululy-kiçili hersi 3 aýatdan 286 aýada çenli bolan 114 süreden ybaratdyr. Muhammediň ýeke-täk Alla gulluk etmäge çagyryşy – Gurhanyň iň esasy öňe sürýän pikiridir. Arap medeniýetiniň elementlerinden (alamatlaryndan) başga-da arap-musulman medeniýeti gadymy parslaryň, arameýleriň (Siriýanyň gadymy ilaty), koptlaryň (müsürli hristianlar), ýewreýleriň, Merkezi Aziýanyň halklarynyň we beýlekileriň medeniýetleriniň elementlerini öz içine alypdyr. Mundan başga-da ellin we rim medeniýetleriniň mirasy hem arap medeniýeti tarapyndan özleşdirilipdir we täzeden işlenilipdir. Arap medeniýetiniň has gülläp ösen döwri VIII-XI asyrlara gabat gelýär. X-XV asyrlarda dünýä belli “1001 gije” atly ertekiler ýygyndysy döredilipdir. Bu ýygynda täzeden işlenilen we araplaryň durmuşyna geçirilen pars, hindi, grek we beýleki halklaryň ertekileri girizilipdir. VIII asyryň ortalaryndan başlap grek, sanskrit, arameý, pars we beýleki dillerden arap diline köp terjimeler edilipdir. Ilkinji nobatda filosofiýa, matematika, medisina, astronomiýa boýunça eserler terjime edilipdir. Yslam ýurtlarynda suratkeşlik sungaty ösmändir. Onuň hem sebäbi Yslam janly zatlaryň şeklini çekmegi gadagan edipdir. Eger adamlar janly zatlaryň suratyny çekseler, bu ýene butparazlyga elter diýip, yslamyň dini hadymlary pikir edipdirler. Munuň netijesinde suratkeşligiň ýerine kalligrafiýa we nagyşly bezeg sungatlary ösüpdir. “Kalligrafiýa” – grek sözi bolup, terjimesi “owadan ýazuw”, aňladýan manysy bolsa “arassa haty düşnükli hem owadan ýazmak” diýmekdir. Musulman ylmynyň merkezleri Kufa, Basra, Bagdad, Merw we Ürgenç şäherleri bolupdyr. IX asyryň başlarynda halyf Mamun tarapyndan Bagdadda “Ylymlar öýi”, ýagny özboluşly akademiýa döredilipdir. Oňa ähli musulman dünýäsinden belli alymlar ýygnalypdyr. Şol sanda asly horezmli bolan dünýä belli alym Al-Horezmi hem Merwden Bagdada äkidilipdir. Bu “Ylymlar öýi” akademiýanyň, kitaphananyň, obserwatoriýanyň we terjimeçiler toparynyň birleşmesi bolupdyr. Bu döwürdäki musulman medeniýeti ellin we hindi filosoflarynyň ideýalaryny ösdüripdirler. Al-Faraby (X asyr), Biruny (XI asyr) we Ibn Sina bu ugurda uly üstünlikler gazanypdyrlar. Abu Nasr Muhammet al-Faraby (870-950)- ensiklopediýaçy alym, Farapda doglup, önüp-ösen, Aristoteliň ilkinji arap şägirtleriniň biri, onuň işlerini giňden teswirlemek bilen “Ikinji mugallym” diýen ada mynasyp bolan. Aristotel (384-322 b.e ö.) – görnükli antik filosofy, materiýa, maşgala we döwlet baradaky ylmy öňe süren. Esasy işleri – “Metafizika”, “Uly etika”, “Syýasat”. Adamyň kalbyna içgin aralaşmagy başarypdyr. Abu Nasr Muhammet al-Faraby arasynda filosofiki, matematiki, sosial-etiki, logiki garaýyşlary bolan ýüzden gowrak işiň awtory. Faraby günbatar Ýewropanyň orta asyrlar filosofiýa ylmyna uly täsir ýetiripdir. Ibn Sina Abu Aly Hüseýin ibn Abdallah (Awisenn, 980-1037) – filosof, alym, Aristoteliň ýoluny ýöreden, Awisenna latynlaşdyrylan ady bilen meşhur bolan. Buharanyň töweregindäki Afşanda dünýä inýär, Eýranda we Orta Aziýada ýaşap geçýär, dürli häkimleriň gullugynda lukman hekimiň wezipesini eýeläpdir. Onuň 400-e golaý işi bize mälimdir. Esasan hem “Bilim baradaky kitap”, “Göwün-kalp baradaky kitap” eserleri has-da meşhurdyr.
Okalan sany: 59   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05401 sek. ýüklenen baýt: 33010