Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Futbolçynyň kadaly iýmitlenmegi.
Ýazylan wagty: 12 апреля 2018 Ýazan Mayichka
Futbolçynyň kadaly iýmitlenmegi – onuň saglygynyň goralyp saklanmagynyň, fiziki işjeňligini ýokarlandyrmagyň hem-de sportda ýokary derejeli ussatlyk görkezmegiň ilkinji talabydyr. Futbolçynyň ulanmaly kaloriýasy: (Menýusy). Futbolçylar beýleki türgenler ýaly, berk iýmit düzgünini berjaý etmelidirler. Eger olar ýokary ligada oýnaýan bolsalar köp fiziki güýç sarp edýärler. Türgenleşik döwründe olaryň iýmitinde ähli iýmitlik önümler ýeterlik mukdarda bolmalydyr. Türgenleşik döwründe 1 kg agram düşýän energiýanyň mukdary 60-67 kkal bolmalydyr. Mysal, eger türgeniň 75 agramy bar bolsa, ol bir gije-gündizde 4500 – 5025 kkal energiýa ulanmaly. Şonlukda proteinleriň, ýaglaryň we uglewodlaryň gatnaşygy 1:0,8:4 bolmaly. Proteinler.Türgen agramynyň her 1 kilogramyna 2,3 -2,4g. arassa protein kabul etmeli. Şolaryň ýaryndan gowuragy (60%-den az bolmadygy) haýwan önümi bolmaly. Ol esasan sygyr eti, derisi aýrylan guş eti, ýumurtgadan ybarat bolmaly. Süýt we süýt önümlerinden: dorog, peýnir, sargan we beýlekiler bolmaly. Buglanyp ýa-da gaýnadylyp bişirilen iýmit önümi has maksadalaýykdyr. Ösümlikden alynmaly proteinler: sülede, greçkada, tüwide, nohut, noýbadyr-mäşde, soýede, ýer almada (kartoşkada), gara çörekde saklanýar. Ýaglar. Futbolçy ýag iýmekden doly ýüz öwürmeli däldir. Sebäbi olar energiýanyň esasy çeşmesi hasaplanýar. Türgeniň 1 kg agramyna bir gije gündizde 1,8-1,9 g. ýag gerek. Olaryň 70% haýwan önümleri bolmaly. Mysal üçin, mesge ýagy, balyk ýagy, gaýmak, syr. Galan 30% –ösümlik ýaglary: zygyr, künji, kedr, dürli hoz ýaglary bolmaly. Uglewodlar. Futbolçynyň iýmitinde uglewodlar energiýanyň esasy bölegini saklamaly. Futbolçylar üçin türgeniň 1 kg agramyna bir gije gündizde 9 – 10 g. uglewod gerek. Ýarmalar we arassa däneden taýýarlanylan makaron önümleri, arassalanmadyk tüwi we çörek önümleri ýeterlik kabul edilmeli. Şu önümler ulanylanda olaryň düzmindäki glýukoza beden agzalaryna haýal sorulýar, şonuň üçin energiýanyň öwezini dolmakda ulanmak mümkin. Ýöne, dartgynly türgenleşiklerden soň, energiýanyň ýerini çalt doldurmak zerurlygy ýüze çykýar, şeýle ýagdaýda türgen çalt siňýän uglewody – süýjüli çaýy, şerbetleri içip biler. Olar ganda glýukozanyň mukdary çalt ýokary galdyrýar. Däp bolşy ýaly ähli futbol oýnaýanlara şular gadagan edilýär: Süýjedilen gazly suwlar, Çipsiler (gowrulan kartoşka), Süýji kremler, Alkogol. Futbol oýny geçjek günindäki iýmit menýusy adatdakydan tapawutlanýar: Oýun geçýän wagtyna 3 sagat galanda iýmit kabul etmeli däl.
Okalan sany: 45   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08412 sek. ýüklenen baýt: 30458