Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Jürlewük çaljak eminler mälim edildi.
Ýazylan wagty: 12 апреля 2018 Ýazan Mayichka
FI­FA ýe­ne-de 2 aý gow­rak wagt­dan Rus­si­ýada ge­çi­ril­jek fut­bol bo­ýun­ça 21-nji Dün­ýä Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da jür­le­wük çal­jak baş emin­le­riň we ola­ra ýar­dam ber­jek kö­mek­çi emin­le­riň sanawyny mä­lim et­di. Şo­ňa gö­rä, FI­FA-nyň ga­ra­ma­gyn­da­ky 7 kon­fe­de­ra­si­ýa­dan 36 baş emin (ozal­ky çem­pio­nat­la­ra 20–25 baş emin ça­gy­ryl­ýar­dy) hem-de 63 kö­mek­çi emin Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da çy­kyş eder. Baş emin­ler 35 döw­let­den bo­lup, ABŞ-nyň adyn­dan 2 emin jür­le­wük ça­lar. Umu­my­lyk­da kö­mek­çi emin­le­ri-de ha­sa­ba al­saň, 46 döw­le­tiň we­ki­li bu fut­bol baý­ram­çy­ly­gy­na gat­na­şar. UEFA-dan 10, Af­ri­ka­dyr Azi­ýa­dan, De­mir­ga­zyk we Gü­nor­ta Ame­ri­ka­dan 6 hem-de Okea­ni­ýa­dan 2 emin oýun­la­ra emin­lik eder. Şo­la­ryň ara­syn­da 9 oýun bi­len Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da iň köp du­şu­şyk­da jür­le­wük ça­lan öz­be­gis­tan­ly Raw­şan Ir­ma­tow hem-de sal­wa­dor­ly Ho­el Agi­lar 3-nji ge­zek Dün­ýä Ku­bo­gy­na ça­gy­ryl­dy. Ýag­ny Ir­ma­tow bi­len Agi­lar 2010 we 2014-nji ýyl­lar­da­ky çem­pio­nat­lar­da-da emin­lik edip­di. Şeý­le-de bu çempionat bah­reýn­li Na­waf Şuk­ral­la­nyň, gam­bi­ýa­ly Ba­ka­ri Gas­sa­ma­nyň, ame­ri­ka­ly Mark Geý­ge­riň, ar­gen­ti­na­ly Nes­tor Pi­ta­na­nyň, bra­zi­li­ýa­ly Sand­ro Riç­çi­niň, ko­lum­bi­ýa­ly Wil­mar Rol­da­nyň, ger­ma­ni­ýa­ly Fe­liks Bry­hyň, tür­ki­ýe­li Jü­neýt Ça­ky­ryň, gol­lan­di­ýa­ly Býorn Kýoý­per­siň hem-de ser­bi­ýa­ly Mi­lo­rad Ma­ži­çiň Bra­zi­li­ýa – 2014-den soň, 2-nji Dün­ýä Ku­bo­gy sy­na­ny­şy­gy bo­lar. 24 emin bolsa, il­kin­ji ge­zek Dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­na­şar. Emin­le­riň iň ýa­şy ulu­sy ser­bi­ýa­ly Mi­lo­rad Ma­žiç bo­lup, ol mart aýy­nyň 23-ine 45 ýa­şy­ny dol­du­ryp­dy. Iň ýaş emin bol­sa, Kos­ta ri­ka­ly Ri­kar­do Mon­te­ro­dyr. Ol mart aýy­nyň 6-syn­da 32 ýa­şy ar­ka at­dy. Bu ýylky eminleriň arasynda futbolyň watany Angliýadan ýeke eminiň ýokdugy-da aýratyn bellärliklidir. Şeý­le-de çem­pio­nat­da il­kin­ji ge­zek je­del­li pur­sat­lar­da Wi­deo Asis­tent Emin (VAR) ul­ga­myn­dan hem peý­da­la­ny­lar.
Okalan sany: 25   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07650 sek. ýüklenen baýt: 30358