Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Tebigy gazy tygşytlamak — möhüm wezipe
Ýazylan wagty: 12 апреля 2018 Ýazan NEXTTM
Tebigy gazy tygşytlamak — möhüm wezipe.

Türkmenistanda energiýa tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary, şol sanda halkara ölçegleriniň degişli talaplaryna laýyk gelýän tebigy gazyň sarp edilişini hasaba alyş ulgamlary we enjamlaryny önümçilige we durmuşa ornaşdyrmak işi dowam edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini netijeli we oýlanyşykly peýdalanmak Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda degişli gurallary we şertleri döretmegiň hasabyna energiýa netijeliligi we energiýa tygşytlamagy ýokarlandyrmak möhüm wezipeler bolup durýar. Ýangyç-energetika toplumy hem-de milli ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen bir hatarda bu ýaşaýyş-jemagat ulgamy üçin hem möhümdir, onuň paýyna energiýa serişdelerini, şol sanda tebigy gazy we elektrik energiýasyny sarp etmegiň agramly bölegi düşýär.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň düzümine girýän edaralaryň ýerine ýetirýän energiýa tygşytlamak boýunça işleri öz oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagta çenli tutuş ýurdumyz boýunça öý hojalyklarynyň 931 müňden gowragy, senagat kärhanalarynyň we durmuş edaralarynyň 5 müň 200-den gowragy, şeýle hem ýyladyşhanalaryň 5 müň 250-den gowragy gaz hasaplaýjylar bilen üpjün edildi. Eger 2016-njy ýylda ilat tarapyndan tebigy gazyň 7 milliard 972,4 million kubmetri sarp edilen bolsa, 2017-nji ýylda deslapky maglumatlar boýunça bu görkeziji 7 milliard 655 million kubmetre deň bolar. Şeýlelikde, durmuş ulgamynda düýpli tygşytlama gazanyldy, ilatyň bellenilen möçberlerden artykmaç mugt ýakýan «mawy ýangyjynyň» möçberi azaldy. 2017-nji ýylda, öňki ýyllarda bolşy ýaly, mugt goýberilýän gazyň möçberi bir ýylda adam başyna 600 kubmetre deň boldy.

2016-njy ýylda ýurdumyzyň edaralaryna we kärhanalaryna tebigy gazyň 15 milliard 136,1 million kubmetri, 2017-nji ýylda bolsa, 16,3 milliarddan gowragy berildi. Bu ulgamda tebigy gazyň sarp edilýän möçberleriniň artmagy ýurtda täze önümçilik kärhanalarynyň we desgalarynyň işe girizilmegi bilen düşündirilýär.

Täze ýylda täze hojalyklarda we ýaşaýyş jaý toplumlarynda gaz hasaplaýjylary oturtmak, şeýle hem ýyladyşhanalary bug gazanlaryna geçirmek boýunça işler dowam eder. Ýurdumyzyň dürli sebitlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgam bilen birleşdiren «Gündogar– Günbatar» gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi netijesinde içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin zerur bolan şertler döredildi.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň hünärmenleri şäherlerde, obalarda, edaralarda, kärhanalarda, mekdeplerde, çagalar baglarynda we hassahanalarda tebigy gazy sarp edýän aşhana we ýyladyş enjamlarynyň tehniki ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edýärler. Ilatyň hem-de eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki kärhanalaryň işgärleriniň arasynda durmuş we önümçilik hajatlary üçin tebigy gazyň sarp edilişine berk gözegçilik etmegiň zerurlygy barada düşündiriş işleri geçirilýär.

Swetlana GORŽIÝ,
«Nebit-gaz».

Okalan sany: 18   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05696 sek. ýüklenen baýt: 32698