Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Gazhimiya toplumy-geljekde yurdymyzyñ ykdysadyyetine mynasyp goşant goşar.
Ýazylan wagty: 12 апреля 2018 Ýazan NEXTTM


Gazhimiya toplumy-geljekde yurdymyzyñ 
ykdysadyyetine mynasyp goşant goşar. 

Hususy habarçymyz “Türkmengaz” DK-niñ Gyýanlydaky polietilen we polipropilen desgasynyñ seh baslygy Kurbanow Ylýas Mahmudowiç bilen söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, Türkmenistan dünýäde tebigy gazyň ätiýaçlyk gory boýunça Russiýadan, Eýrandan, Katardan soň 4-nji orny eýeleýär. Ýurdumyz tebigy gazy daşary ýurtlara eksport etmek bilen çäklenmän soňky wagtlar gazy gaytadan işlemäge we alnan önümleri halkara bazarlara çykarmaga aýratyn üns berilýär. Has takygy  “Türkmengaz” DK-niñ buyrmasy esasynda Türkmenbaşy etrabynyň Gyýanly şäherçesinde gurulýan “Polietilen we polipropilen” öndürýän gazhimiýa toplumy muňa aýdyň mysaldyr.  Gazhimiýa toplumynyň gurluşygy Günorta Koreýanyň “Hýundai Engineering Co.,Ltd”, “LG..” we “TOÝO Engineering Corp.” kompaniýalaryň konsorsiumy tarapyndan 2014-nji ýylda başlanyp, häzirki wagtda tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu toplum gazy gaýtadan işlemek boýunça sebitde deňi-taýy bolmadyk ägirt uly taslamalaryň biridir.

Has takygy, Gazhimiýa toplumy 108 ga meýdany tutup, esasy 4 sany ýagny, gazy arassalaýjy desgadan, Etan kreking desgadan, Polietilen öndürýän desgadan, Polipropilen öndürýän desgadan ybarat. Toplum kuwwatlylygy barada aýdanmyzda 1 ýylda 5 mlrd. metr kub tebigy gaz gaýtadan işlenip, 386 müň tonna polietilen, 81 müň tonna polipropilen, 49 müň tonna perobenzin (Gasoline) öndürmäge niýetlenen. Toplumda alynýan önümleriň hiline barlag geçirmek üçin ýörite ýokary derejeli barlaglary amala aşyrýan laborotoriýa enjamlary ornaşdyrlan.

Şonuň ýaly-da Gazhimiýa toplumynyň gurluşygynda Günorta Koreýanyň, Ýaponiýanyň, Türkiýäniň gurluşyk harytlary ulanylyp, binanyň seysmiki durnuklylygy 9 bala deňdir. Toplumda Günorta Koreýanyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Awstralyanyň önümleri bolan dünýäniň öňdebaryjy, kämil tehnologiýaly enamjamlary oturdylýar. Esasy bellemeli zatlaryň biri hem toplumda ekologiýa zyýanly täsir ýetirmez ýaly ýörite enjamlar oturdylan. Ýagny, tebigy gaz gaýtadan işlenende emele gelen galyndy suwlaryň düzümi ekologiýa zyýan ýetirmez ýaly arassalanandan soňra daşky gurşawa göýberilýär. Beýleki zyýanly galyndylar bolsa ýörite niýetlenen ýamalarda ýakylyp ýok edilýär. 

Mundan başgada Gazhimiýa toplumynyň geljekde hünärmenler bilen üpjünçilik meselesine hem aýratyn üns berilýär. Ýagny, milli hünärmenleri taýarlamak maksady bilen toplumda işlemeli 25 sany hünärmenler 2016-njy ýylda 1 aýlyk ABŞ-da, 16 sany hünärmenler 15 günlik Taýlandda ýörite okuw geçip geldiler. Häzirki wagtda hem “Hýundai Engineering Co.,Ltd”, kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan toplumda işlemeli dürli hünärdäki işgärler bilen taýarlyk okuw sapaklary yzgyderli geçirilýär.

Gazhimiýa toplumynyň öndürjek önümine şu wagtdan dünýä bazarynda islegler uly bolup, toplum işe başlan ýagdaýynda 1200-den gowrak täze iş orunlary dörär. Şol bir wagtda toplumyň öndürýän önümleri içki sarp edijileriň çig mala bolan islegini kanagatlandyryp, önümçilikde giňden ulanylar. Bu bolsa raýatlaryň iş bilen üpjünçiliginde, olaryň maddy hal-ýagdaýynyň gowlaşmagyna oňyn täsir eder. Şol bir wagtda ýurdumyzda öndürilýän önümleri dünýä bazaryna çykarmaga mümkinçilikler artyp, ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşar.

Okalan sany: 58   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05094 sek. ýüklenen baýt: 32905