Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Murgaply daýhanlarymyz 35 % gowaça ekişligi bilen ustunlik gazandylar
Ýazylan wagty: 12 апреля 2018 Ýazan NEXTTM


Murgaply daýhanlarymyz 35 %  gowaça ekişligi bilen 
ustunlik gazandylar.

Murgap etrabynda 2018-nji ýylda 22 400 ga ýere gowaça ekmeklik we ondan 39 800 tonna pagta hasylyny almak meýilleşdirilen. Üstümizdäki ýylyň 23-nji martynda ýaşulylarymyzyň ak patasy bilen gowaça ekişine girişildi. Ekişde Hormatly Prezidentimiziň daýhanlara alyp beren täze tehnikalary giňden ulanylýar. Täze tehnikalaryň iş öndürijiligi gözüňi dokundurýar. Pagta ýygýan kombaýnlar indi el güýjini azaltmaga ýardam edýär. Tehnikalaryň her ýylda üsti ýetirilip durulýar.

Şeýle-de, Murgap etrabynda oba hojalygy oba adamlarynyň esasy eklenji hasaplanylýar. Şonuň üçin hem daýhanlar bu ýyl pagta ekişine öz wagtynda girişdiler. Ekiljek ýerlere tagt suwy ýeterlik derejede berildi. Murgap derýasynyň suwy Mary welaýatynyň birnäçe etraplaryny suw bilen üpjün edýär. Bu derýanyň suwy ekin meýdanlaryna doly derejede ýetýär. Etrabyň çäginde suw bilen baglanyşykly bökdençlikler ýok.

Islendik ýylda hem Murgap derýasynyň suwy ekerançylyk ýerleri doly suwarmaga ýetýär. Eger-de, haýsydyr bir ýetmezçilik ýüze çykan ýagdaýynda göterme kanal arkaly Garagum derýasynyň suwy Murgap derýasyna goşulyp suwuň möçberi kadalaşdyrylýar. Bu bolsa etrapdaky ekerançylyk ýerlerinde ekilýän oba hojalyk ekinleriniň suw bilen üpjünçilik meselesinde hiç hili bökdençlik döretmezlige şert bolup durýar.

Şu günki günde Murgap etrabynda gowaça ekilmeli ýerleriň 35 %-e golaýyna eýýäm ekiş geçirildi we ol ýerlerde ösüş suwyny tutmak işleri gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär.
Döwletimiziň daýhanlary hemme tarapdan goldamagy netijesinde kärendeçilerimiz şu ýyl hem bol hasylyň alynmagyna garaşýarlar. Muňa ýylyň gowy gelmegi, kärendeçilere döwlet tarapyndan ýeňillikli karzlaryň berilmegi ynam döredýär.

Okalan sany: 54   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06270 sek. ýüklenen baýt: 31518