Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Bol suwly Murgabym.
Ýazylan wagty: 12 апреля 2018 Ýazan NEXTTM
Bol suwly Murgabym.

Orta asyrlarda dynuwsyz gatnalan ýörgünli söwda aragatnaşyk ýollaryň biri hem Merw-Merwerut ýoly bolupdyr. Murgap derýasynyň sag kenaryndan Gadymy Merwden Gündogara gidýän kerwen Merwerudyň üsti bilen Hyrada çenli baryp ýetipdir.

Murgap derýasy bol suwly bolup, onuň uzynlygy 978 km, ýurdumyzyň çäginden 378 km akyp geçip, mes toprakly Murgap oazisini emele getirýär. Derýanyň ugrunda ätiýaçlyk suw gorlaryny saklamak üçin köküni gadymyýetden alyp gaýdýan Daşköpri, Saryýazy, Gazyklybent, Soltanbent, Ýolötenbent, Çaňlybent (Hindiguş) we Gowşutbent ýaly suw howdanlary ýerleşýär. Suw howdanlarynyň öz göwrümlerine laýyk suwy häzirki wagtda ýeterlik möçberde ätiýaçda saklanýandygy mälim. Oba hojalyk işlerinde suw gerek bolan wagtyn-da şol suwuň ýeterlik mukdarda suw bilen üpjün etmeklige mümkinçiligiň bardygy, ekilýän dürli görnüşli oba hojalyk ekinleriniň suwdan bökdençlik çekmejekligi aýdyň.

Pederlerimiz «Ýedi hazynanyň biri hem suw» diýip belläpdirler. Halkymyz «Men dünýäniňki, dünýä meniňki» diýen pähime eýerip, dykgatly nazaryny suwa aýlap, golaý duran eždatly gojalaryň suwa köp seredýän adamyň ruhy belent, şähdiniň we göwniniň açyk bolýandygyny belleýär.

Ýolöten etrabymyzyň çägini kesip geçýän uly göwrümli suw akabasy bolan Hanýap hem öz gözbaşyny Murgap derýasyndan alyp gaýdýar. Hanýap suw akabasy şu günki günde etrabymyzda ýerleşýän ähli daýhan birleşikleri suw bilen üpjün etmeklige doly derejede kuwwatlylygy ýeterlik.

Murgap derýasy we onuň ugrundaky suw howdanlarda, Hanýap suw akabasynda ýylyň-ýylyna arassalaýyş we bejergi işleri geçirilýär. Bu bolsa etrabyň kärendeçileriniň, daýhanlarynyň suw bilen bökdençsiz üpjün edilmegine şert döredip, olaryň döwlet öňündäki meýilnama-borçnamalaryny bökdençsiz amal etjekdikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Muňa mysal hökmünde, Garaşsyzlygymyzyň 18 ýyllygynda Ýolöten etrabynyň Türkmenistanda ilkinji bolup pagta borçnamasyny berjaý edendigini görkezmek bolar. Şeýle hem geçen oba hojalyk ýylynda hem etrabymyz 25 müň tonna pagta hasylyny öndürdi. Üstümizdäki oba hojalyk ýylynda hem ekilen galla hasylyna häzirki wagtda sümmül suwy berilip, gowaça ekişi agrotehniki kadalara laýyklykda amala aşyrylyp gowy pagta gögerişi gazanyldy.

Ýolöten bendi

 
Murgap derýasynyň bol suwly hanasy.
 
Bol suwly Çaňlybent (Hindiguş) suw howdany.

 
Töwregi al-ýaşyl öwüsýän Murgap derýasy.

Bol suwly Murgabyň bugdaýly meýdany.

 
Bol suwly Murgabyň bugdaýly meýdany.

 
Bol suwdan suwarylyp, mes toprakda biten ak pagta hatarlary.

 
Gögeriş suwunyň talaba laýyk üpjinçiliginiň subutnamasy.

Okalan sany: 33   Jogaplar: ( 1 )

Meret
13 апреля 2018


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06123 sek. ýüklenen baýt: 36346