Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Önüp ösen öz ýurduñ däp-dessuryndan aýrylma
Ýazylan wagty: 13 апреля 2018 Ýazan Meret
Önüp ösen öz ýurduň däp-dessuryndan aýrylma

 

Adamzadyň kalbynda her hili mukaddes duýgy bolup şolaryň esasy biri hem watançylyk duýgusydyr. Bu duýgy beýleki janly jandarlarda hem instinkt görnüşinde bar hem bolsa ynsan üçin bu örän gadyrly we eziz düşünjedir. “Towşana dogduk depe” diýlişi ýaly her haçan adam başga bir ýurda çykan wagtynda öz ene topragyny küýseýär, ýüreginiň bir bölegi şol ýanda galan ýaly bir duýgyny başdan geçirýär. Bu gudraty güýçli Allatagala tarapyndan adamzadyň ganyna guýlan bir kanundyr. Çagalyk döwrüňizi ýada salsaňyz size başga adamlardan öz ene ataňyzy tapawutlandyrýan nähilidir bir mähir, yssylyk bar bolsa öz ýurduňyza, ene topragyňyza hem edil şolar ýaly aýratyn bir mähir bardyr. Kimde kim muny inkär edýän bolsa kalbynyň töründe ýatan, tebigatyň bir kanunyny inkar etdigidir. Her näçe inkär etseň hem ol duýgy seniň kalbyňda seniň nazar ederiňe garaşyp ýaşaýar. Ene atamyza bolan söýgi bilen bir hatarda olaryň öňünde perzentlik borjumyzyň bolşy ýaly watanymyzyň, ýurdumyzyň öňünde hem özüne has bolan borçlarymyz bardyr.

Taryhdan mälim bolşy ýaly biziň türkmen halkymyz köp muşakgatly günleri, agyr uruşlary we tebigy kynçylyklary başdan geçiren. Käbir döwürlerde beýik döwletleri guran ata babalarymyz başga bir döwürde syýasy kynçylyklary başdan geçiren. Daşardan gelen basgynçylara gul bolmazlyk üçin, öz garaşsyzlygymyzy goramak üçin ençeme merdana pederlerimiz kükrek gerip baş goýanlar, gylyç syryp gan dökenler. Perzentleriniň parahat durmuşda ýaşamagy üçin jan beren bu mertleriň ruhlary şat, jaýlary jennet bolsun.

Bu günki günde ata watanymyz Türkmenistan dünýäde iň asuda we parahatçylyksöýüji ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Käbir ýurtlardaky terrorçylyk hereketleri, her hili ynsana has bolmadyk endikli akymlary we olaryň azgynçylykly hereketlerini, şeýle hem dürli ykdysady kynçylyklary görüp yurdumyzyň bu apatlardan amandygyna köp şükür edýärsiň. Emma biz dynç diýip hüşgärligi elden bermezligimiz gerek. Sebäbi daşary ýurtlarda kök taşlap şol ýеrlerden gelip ýurdumyza aralaşjak bolýan, esasanam ýaşlarymyzyň aňyndan orun eýelejek bolup dyrjaşýan her hili ideologiýaly radikal akymlar, özlerini “din” diýip atlandyrýan toparlar hem az däl. Gynansakda şolar ýaly aldowlara düşüp galýan ýaşlar hem bar.

Şeyle akymlaryň biri hem 1870-nji ylda hristian katoliklerden bölünip gaýdan, 1931-nji ýyldan bäri özlerini “Iýegowаnyñ şayatlary” diyip atlandyrýan topardyr. Bular özleriniň “bir iýegowodan başga hudaý ýok, medisinada bimara gan goýbermek günä, her bir adama, esasanam ýigitlere eline ýarag almak agyr günä” ýaly ideýalary öňe sürmek bilen dünýäniň dürli ýurtlarynda bikanun hereketleriň döremegine sebäp bolýarlar. Eýsem Allatagalanyň ynsanyýete peşgeş beren tebipçilik ylmy bilen (meselem gan bermek arkaly) bir adamyň janyny halas etmek mümkinçiligi bar bolsa ol adama kömek etmekligiň nämesi günä? Ýa-da ýurduňa daşardan duşman howpy abananda eliňe ýarag alyp döş gerip goramak, gerek bolsa onuň üçin janyňy bermek “günä” diýmeklik gülkünç dälmi? Geçmişde halkyň garaşsyzlygy üçin, biziň yurt bolmagymyz üçin göreşen, eziz başlaryny orta goýan ata babalarymyzy, öz ýurduny, ojagyny, namysyny goramak üçin ellerine gyrkylyk alyp söweşip jan beren enelerimizi günä iş eden adamlar diýip hasaplamalymy?  Asla beýle däl ! Aýratyn hem türkmen ýigitlerine beýle pikir etmek örän aýypdyr. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň aýdan:

Ýürekleri atbaşydek batyrlar

Hatynça ýok at ýaragy bolmasa

diýen setirleri türkmen ýigitleriniň nähili bolandyklaryny we nähili bolmalydyklaryny gysga söz bilen beýan edýär.

Bu toparyň agzalarynyň eger öz üstlerine howp abansa dünýä guramalaryna, ýewropa bileleşiklerine ýüz tutýandyklary hiç birimize syr däl. Eýsem eliňe ýarag almaly däl diýip, ýeri gelende dünýäniň (eline ýarag alýan) guramalaryna “bizi goraň” diýip ýüz tutmaklygyň manysy näme?

Eger dykgat bilen syn etsek bu akymdan täsirlenýänleriň köpüsi durmuşda haýsydyr bir sebäbe görä ruhy düşgünlige, göwniçökgünlik ýagdaýa düşen adamlardan we çagalary hem-de ýakynlaryndan ýa-da bulara goşulmakda özüne maddy bähbit bar diýip hasaplaýan adamlardan ybaratdyr. Sebäbi beýle ýagdaýda adam mysaly tebigy immuniteti ýok bolan organizme meňzeýär, ýagny daşardan gelýän islendik düşünjäni (wirusy) kabul etmäge taýýar bolup durýar.

Iň erbet zady hem bu akyma agza bolan her bir adam biziň yurdumyza däl-de daşary ýurtlarda oturan gurama yolbaşçylaryna boyun egýän, bir ýesire öwrülýär hem-de olar öz çagalaryny we ýakynlaryndan mümkinçiligi baryny şu ruhda terbiýeläp başlaýarlar. Biziň aramyzda bir toprakda ýaşap ýörüp aň huşy we kalby bilen ýat illere ýesir düşen bu ildeşlerimize diýseň nebsimiz agyrýar we “oýlan, henizem giç däl” diýesimiz gelýär. Emma daşary ýurtlarda öý gurup bular ýaly adamlary dolandyrýan şahslar üçin bolsa beýle adamlaryň köp bolany gowy.

Halkymyzyň asudalygyny, ýurdumyzyň garaşsyzlygyny goramak üçin beýle daşky hüjümlere garşy göreşmek her bir türkmen raýatynyň borjudyr. Ata babalarymyzyň gany dökülen, biziň göbek ganymyz düşen bu toprak hemmämiz üçin mukaddesdir. Ylym yzlap dünýäniň köp ýurtlaryny gezen Magtymguly Pyragy ata watanyň gadryny şu iki setirde beýan edýär:

“Messana ýörinçäň gaýry ýurdunda

Önüp ösen öz ýurduňdan aýrylma”
Okalan sany: 35   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05939 sek. ýüklenen baýt: 34077