Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
Ýazylan wagty: 13 апреля 2018 Ýazan NEXTTM
«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi»

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2018-nji ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçer. Munuň çuňňur manysy bar. Ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda «ýedi ýoluň çatrygy» diýlip atlandyrylan Türkmenistanyň çäginden köpsanly kerwen ýollary geçip, olar Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň söwda we medeni hyzmatdaşlyk ýollary bolup hyzmat edipdir. Täze taryhy döwürde ýurdumyzda iri halkara we sebit taslamalary durmuşa geçirilýär, şol sanda energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda amala aşyrylýar. Olar Merkezi Aziýanyň we beýleki sebitleriň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýär.

ХХI asyryň iri energetika desgasy – Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi hem-de gurluşygy dowam edýän Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisi munuň aýdyň mysallary bolup, olar gadymda Uzak, Orta we Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryny Günbatar Ýewropa bilen birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlaryndan geçýär. Gazagystan – Türkmenistan – Eýran hem-de Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýollary, Aşgabadyň we welaýatlaryň howa menzilleri, tizlikli awtomobil ýollary, Amyderýanyň üstünden geçýän köprüler, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty, ýurdumyzda ulanmaga berlen we gurluşygy dowam edýän beýleki desgalar halkara ulag geçelgeleriniň möhüm halkalary bolup durýar.

Häzir ýurdumyz türkmen halkynyň müňýyllyk taryhy we özboluşly medeniýeti bilen tanyşmak isleýän köpsanly daşary ýurtly myhmanlary özüne çekýän merkez bolup durýar. Gadymy binagärligiň we taryhyň muşdaklary açyk asmanyň astyndaky täsin muzeýler –
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasy sanawyna girizilen Gadymy Nusaý – beýik Parfiýa döwletiniň paýtagty, Gadymy Merw hem-de Köneürgenç bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Änewe, Dehistana, Goňurdepä – ady rowaýata öwrülen Marguşyň merkezine gezelençler syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Eziz Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen binagärlik gözellikleri, ýurdumyzyň şypahana merjeni – Hazaryň ekologiki taýdan arassa kenarynda emele gelen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem uly täsir galdyrýar.

Selbi TIMUROWA,
«Nebit-gaz».

Okalan sany: 85   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07622 sek. ýüklenen baýt: 31887