Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Işler barha ilerleýär
Ýazylan wagty: 13 апреля 2018 Ýazan NEXTTM

Işler barha ilerleýär

Tebigy gazy gaýtadan işlemegiň hasabyna gymmatly önümleriň öndürilişini artdyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Gazygaýtadanişleýiş» müdirliginiň suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik edarasynyň agzybir we başarjaň işgärleriniň baş maksatlary bolup durýar. Geçen ýylda gazanylan ýokary önümçilik görkezijileri olaryň belent sepgitleri abraý bilen eýeleýändiklerine aýdyň subutnamadyr.

Tamamlanan ýylda edara tarapyndan suwuklandyrylan gazyň 140 müň tonna golaýy öndürildi we bu baradaky meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Geçen döwürde, şeýle-de, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin gymmatly çig mal bolup durýan gaz kondensatynyň 90 müň tonnadan gowragy öndürildi.

Bu üstünlikler hünärmenleriň her biriniň yhlasly we tutanýerli zähmet çekmegi arkaly gazanylýar. Edarada öz kärini söýýän, ondan bagt tapýan adamlar jemlenipdir. Olar çylşyrymly desgalarda oturdylan kämil enjamlary ýokary öndürijilikli işletmegiň hötdesinden gelýärler. Önümçiligiň öňdebaryjylary hakynda gürrüň gozgalanda, Naýyp ýatagyndaky desgalar toplumynda zähmet çekýän hünärmenleriň atlary ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Bu kämil önümçilikde olaryň 140-a golaýy ruhubelentlik bilen zähmet çekýär. 

Agzybirlik, başarjaňlyk bilen işlenilmegi netijesinde hasabat döwründe toplum boýunça suwuklandyrylan gazyň 125 müň tonnadan gowragy öndürilip, bellenilen meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Şeýle guwandyryjy netijeleriň gazanylmagyna toplumyň çalşyjy ussasy Kasym Annamyradow, tehnologiki desgalaryň operatorlary Maksat Baýpulatow, Baýramgeldi Baýramow, sorujy desgalaryň maşinisti Şanazar Kurbanow, barlag-ölçeg enjamlarynyň we awtomatikanyň slesary Röwşen Ýollyýew we beýlekiler mynasyp goşant goşýarlar. Toplumda işgärleriň öndürijilikli zähmet çekmekleri we dynç almaklary üçin kadaly şertleri döretmek meselesi hem gündelik üns merkezinde saklanylýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde binýatlyk hyzmaty ýerine ýetirýän pudagyň bu öňdebaryjy edarasynda geljekde işleriň gerimini has-da giňeltmäge tarap ynamly ugur alyndy. Oňa Naýyp ýatagynda we Gazojak şäherinde önümleri kabul edýän, saklaýan we ugradýan desgalaryň durklaryny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler mysal bolup biler. Bu möhüm işleriň tamamlanyp, desgalaryň işe girizilmegi gymmatly önümleriň öndürilişini düýpli artdyrmaga we olary sarp edijilere bökdençsiz ugratmaga giň mümkinçilikleri açar.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
öz habarçymyz.

Okalan sany: 69   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08616 sek. ýüklenen baýt: 31649