Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Tagtabazar etrabynyň bilim ulgamy ösüş ýolunda.
Ýazylan wagty: 13 апреля 2018 Ýazan NEXTTM

Tagtabazar etrabynyň bilim
ulgamy ösüş ýolunda.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamynyň ösüşine diйseň uly üns berýär. Gahryman hem mähriban Arkadagymyz “Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek biz ylmyň iň soňky gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris” diýip, örän jaýdar belleýär.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda bilim ulgamynda işleýän mugallymlar döredijilikli we tutanýerli zähmet çekýärler, olaryň nebsewürlik bilen çekýän zähmeti özüniň oňyn netijesini berýär diýmeklige esas bar. “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşikleriniň welaýat tapgyrynda etrabyň mekdepleriniň 10-njy synp okuwçylary 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp boldular. Bu eýsem nämäniň alamaty, bu çekilýän zähmetiň miwesidigini kepillendirýär.

Bulardan başga-da, “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly taslama döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda etrabyň 4-nji orta mekdebiniň okuwçysy 1-nji orna mynasyp boldy.

Etrapda döredijilikli işleýän mugallymlar elmydama täzeçilligiň gözleginde, şoňa görä-de olaryň gazanýan üstünlikleri guwandyryjydyr. Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda hem welaýat möçberinde geçirilen köpugurly bäsleşikde-de etrabyň 7 sany mugallymlary baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Türkmende “çekseň zähmet, ýagar rehnet” diýlen pähim bar. Diýmek, bilim ulgamynda çekilen zähmet özüniň oňyn netijesini berýär.

Hawa şu ýyl hem “Ýylyň mugallymy” atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynda etrabyň 23-nji orta mekdebiniň mugallymy 2-nji orna mynasyp boldy. Tagtabazar etrabynda gazanylýan üstünliklere guwanaýmak galýar. “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşikleriniň döwlet derejesinde geçirilen informatika dersi boýunça etrabyň 5-nji orta mekdebiniň okuwçysy 1-nji orna muynasyp bolmagy başardy.

Bulardan başga-da, şu ýyl “iň eýjejik gyzjagaz 2018” atly şadyýan bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy 1-nji orna mynasyp bolmagyň hötdesinden gelmegi başardy. 

Okalan sany: 51   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07896 sek. ýüklenen baýt: 31386