Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Halk bähbitli ygtybarly bank hyzmatlary
Ýazylan wagty: 13 апреля 2018 Ýazan NEXTTM

Halk bähbitli ygtybarly bank hyzmatlary

Milli ykdysadyýetimizde innowasiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, öňdebaryjy tehnologiýalar diňe bir önümçilik ulgamyna däl, eýsem, hyzmatlar ulgamynda hem giňden ornaşdyrylýar.

Aýratyn hem banklar tarapyndan amala aşyrylýan hyzmatlarda jemgyýet üçin döredilýän oňaýlyklar has äşgär duýulýar. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ösdürmekde bank kartlarynyň ähmiýeti uly bolup, olar nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup durýar.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» pul-karz syýasatynyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Onda 2018-2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň bank ulgamyny özgertmegiň esasy ugurlarynda nagt däl hasaplaşyklar we töleg ulgamlaryny giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmek we ony döwrebaplaşdyrmak wezipesinden ugur alyp, halk köpçüligi üçin ähmiýetli ýokary amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Şol tehnologiýalary ösdürmekde bank kartlaryna aýratyn orun degişlidir. Bank kartlary islendik wagt bankomatlaryň üsti bilen nagt pul serişdelerini almak, pul geçirimlerini çaltlandyrmak, şeýle hem hasaplaşyklar geçirilende wagty tygşytlamak üçin birnäçe amatlyklary döredýändigi bilen ähmiýetlidir.

Bank kartlary arkaly töleg terminallarynyň üsti bilen nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almak häzirki wagtda giňden ýaýrandyr. Mundan başga-da, jemagat, aragatnaşyk we ýaşaýyş hyzmatlaryna töleg, saglygy goraýyş hyzmatlary üчин tölegler, köplenç halatda, nagt däl görnüşde amala aşyrylýar.

Bank kartyny saklaýjylara amatly şertleri döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli karz edaralary tarapyndan bank kart hasabyndaky galyndy pul serişdelerine belli bir göterim möçberde girdejiniň hasaplanylmagy müşderiler üçin bähbitlidir. Bank hyzmatynyň bu görnüşi, hususanda, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny nagt däl görnüşde alýanlara has-da amatlydyr. Has takygy, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny tölemek boýunça häzirki zaman plastik kartlaryň üsti bilen nagt däl hasaplaşyk hyzmatlary amala aşyrylanda, hasapda bar bolan puluň galyndysyna azyndan 5 göterim girdeji hasaplanylýar. Mundan başga-da, hasaba geçen puluň ygtybarly goragynyň üpjün edilmegi, zerur bolan islendik wagtda nagt puly almak mümkinçiligi, aragatnaşygyň SMS hyzmatyndan peýdalanyp, hasabyň hereketi barada takyk maglumatyň elýeterli bolmagy, bank kassalaryna barmak üçin wagtyň we maliýe serişdeleriň tygşytlanmagy pensiýany alýan ýaşuly neslimiz, şeýle-de döwlet kömek pullaryny alýan adamlar üçin ýokary amatlyklary döredýär.

Nagt däl hasaplaşyk tehnologiýalary bütin dünýäde birnäçe on ýyllyklaryň dowamynda halk köpçüligi üçin bank hyzmatlarynyň ygtybarly we netijeli görnüşi bolup, häzirki döwre çenli hem öz wajyplygyny ýitirmän gelýär.

Okalan sany: 60   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08913 sek. ýüklenen baýt: 32471