Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk ýurdy barada oýlanma.
Ýazylan wagty: 13 апреля 2018 Ýazan NEXTTM
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk ýurdy barada oýlanma.

Häzirki döwürde durmuşda döreýän sähel kynçylyklary aradan aýyrmak üçun işlemegiň ýoluny gözlemek däl-de, şol kynçylyklar üçin döwleti günäkärleýän adamlar aramyzda bar. Biziň döwletimiziň, döwrümiziň gowulyklary, artykmaçlyklary barada käbir zatlary aýdasym gelýär.

Ilki bilen biziň döwletimiziň esasy gowy tarapy ýurdumyz, serhedimiz asuda. Adamlar işden gelenden soňra öýünde arkaýyn dynjyny alýar. Häzirki wagtda dünýäniň ýüzünde köp ýurtlarda syýasy taýdan durnuksyzlygyň netijesinde ýurduň raýatlary birek-birek bilen agzala bolup, öz watandaşlaryna ok atýarlar. Muňa mysal edip, şu günki Siriýany, Ukrainany, Yragy, Owganystan Yslam Respublikasyny görkezmek bolar. Häzirki wagtda türkmen halkyna maşgalamy, obamy, il-günümi goramak üçin ýaraga ýapyşmaly diýen düşünje ýat. Bu bolsa Hormatly Prezidentimiziň içerki we daşarky syýasatlarynyň netijesidir.

Käbir adamlar “soýuz döwründe dükanlarymyz doludy, hemme zat bolçulykdy” diýen sözleri köp gaýtalaýarlar. Şol sözleriň garşysyna şeýle mysallary getiresim gelýär. Soýuz döwründe orta mekdepde okan islendik okuwçydan näçe laý egin-eşik bilen okuwa gatnanyny sorasaň, olaryň aglabasy bir ýa-da iki diýip jogap bererler. Hudaýa şükür, häzirki döwrümizde okuwçylaryň mekdep formalaryndan daşary her bir toý-baýramçylyklarda täze egin-eşikleri alýarlar. 

Bu bolsa döwrüň gowulygyna, adamlaryň şol zatlara mümkinçiliginiň bardygyna şaýatlyk edýär. Ýa-da, soýuz döwründe okuw esbaplaryny tapmak şol döwrüň ata-eneleri üçin kynçylykdy. Oba ýerlerinde tomsuň ahyrynda bir gezek okuw esbaplary oba dükanyna geler, ol hem aňyrsy bir sagada ýetmän düw-dagyn bolýar, alyp ýetişmeseň ýylyň dowamynda etrap merkezindäki dükanlardan okuw esbaplaryny gözläp ýörmeli bolýar. Häzirki döwrümizde bolsa çagalar okuw esbaplaryny isledigiçe saýlap alýarlar. Şeýle ýagdaý diňe şäherlerde we etrap merkezlerinde däl, eýsem ýurdumyzyň islendik künjegindäki obalarda hem birmeňzeş.

Soňky ýyllarda mekdebi tamamlanyna bagyşlap, 5 ýyllyk, 10 ýyllyk, 15 ýyllyk, 20 ýyllyk we ş.m. gutardyş agşamlaryny geçirmek däbe öwrüldi. Syn edip görseň şeýle gutardyş agşamlaryna gatnaşýan adamlaryň ählisi boýdan-başa iňňeden çykma egin-eşikleri geýýärler, dabaralar iki gün yzly-yzyna dowam edýär. Bu mysal hem biziň halkymyzyň bolelinlikde ýaşaýandygynyň şaýadydyr. Soýuz döwründe bolsa ýeke kostýum alsaň şony on ýyllap geýmelidi.

Ýene-de bir mysal ýurdumyzyň iň bir çetki künjegindäki etraplaryň bazarlaryna barsaň adyny tutan ähli zadyňy tapyp bolýandygyna hemmämiz şaýat. Öňler bazarlarda gök-bakja önümleri ýylyň tomus-güýz pasyllarynda tapdyrýardy, häzirki döwürde bolsa 12 aýyň dowamynda bazarlarymyzda islän gök-bakja önümleriňi, miweleri, şeýle-de beýleki harytlary tapmak bolýar. Bahalar bolsa ähli raýatlar üçin elýeterli. 

Ýene-de bir üns bermeli zat jemagat hyzmatlary. Biziň döwletimizde tebigy gaz, elektrik togy, agyz suwy we beýleki jemagat hyzmatlary dünýäniň islendik döwleti bilen deňeşdirilende arzan, käbir ýagdaýlarda bolsa mugt. Şonuň üçin biziň halkymyz tebigy gazdan, elektrik togundan, agyz suwundan isledigiçe peýdalanýarlar. Dünýäniň köp ýurtlarynda ýokarda agzalan jemagat hyzmatlaryndan raýatlaryň çäkli peýdalanýandygyndan hemmämiziň habarymyz bar. Ýa-da häzirki wagtda odun ýa-da kömür ulanyp peç ýakýan hojalyklaryň, ojakda odun ýakyp, çaý-nahar taýýarlaýan hojalyklaryň ýokdugynda, ähli ýerde tebigy gazdan we elektrik togundan peýdalanylýandygyna hemmämiz şaýat.

Ýokarda agzalan mysallara seredip, biziň ýurdumyzdan, häzirki döwrümizden nägile bolýan adamlaryň pikirlerine haýran galaýmaly.

Okalan sany: 22   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05337 sek. ýüklenen baýt: 33548