Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Halkara ähmiýetli binalar.
Ýazylan wagty: 13 апреля 2018 Ýazan NEXTTM
Halkara ähmiýetli binalar.

Ata-babalarymyzyň pähim-paýhaslarynda il-ýurt bähbitli işleri bitirenleriň dünýä kitabynda-halkyň hakydasynda atlarynyň ebedi galjakdygy hakynda aýratyn nygtalýar.Şol parzlaryň biri gurmakdyr.Watana , halka bähbitli her bir ýagşy tutum , iş alkyşa mynasyp. Bina gurmak ýagşy amallardan biridir. Ýurdumyz gün-günden ösýär,özgerýär, barha gözelleşýär.Gurlan we gurulýan desgalar halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak,şäherleri, şäherçeleri we obalary döwrebaplaşdyrmak ýaly belent maksatlara gönükdirilendir. 

Şol desgalaryň arasynda welaýatymyzyň merkezi  Türkmenabat şäheriniň eteginde gurlup ulanylmaga berlen halkara howa menzili  hem bellenmäge mynasypdyr. Elbetde,ähli amatlyklary bolan bu uly göwrümli desga welaýatyň howa gatnawlaryny kämilleşdirmäge, daşary döwletler, goňşy ýurtlar bilen ykdysady, söwda, medeni gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilikleri döreder.

Güneşli Watanymyzyň Gündogaryny etekläp oturan gadymy Lebap topragynda hem welaýatymyzyň  ykdysady, söwda,medeni, sport babatda ýeten belent sepgitleri diýseň guwandyryjydyr.Taryha ser salanymyzda hem Lebap topragy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen iri söwda nokady bolupdyr. Bu bolsa taryhda welaýatymyzyň dünýä halklarynyň arasynda medeni, söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde ähmiýetli orun eýeländigini hakykat ýüzünde delillendirýär. 
       
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, amala aşyrylýan beýik özgertmeler, il-ýurt bähbitli , halkara ähmiýetli taslamalar merdana halkymyzyň, ýurdumyzyň we tutus adamzadyň abadançylygyna hem-de durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.Gurlup ulanylmaga beriljek bu halkara howa menzili geljekde welaýatymyzyň taryhdaky gatnaw ýollaryny giňeltmäge, dünýä halklarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary, söwda, medeni, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýetli desga bolar. 

Okalan sany: 49   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06353 sek. ýüklenen baýt: 30633