Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Telekeçilik başlangyçlary-ykdysady ösüşleriň kepilidir.
Ýazylan wagty: 13 апреля 2018 Ýazan NEXTTM
Telekeçilik başlangyçlary-ykdysady ösüşleriň kepilidir.

Ýurdumyzda hususy işewürligi ösdürmek we telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlary goldamak üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, ‘’Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda’’, ‘’Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda’’ Türkmenistanyň kanunlarynyň kabul edilmegi, ýurdumyzda ilkinji hususy neşir bolan ‘’Rysgal’’ gazetiniň, şeýle-de ‘’Rysgal’’ Täjirçilik Paýdarlar bankynyň döredilmegi, 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda ‘’Syýasy partiýalar hakynda’’ Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi we onuň agzalarynyň sanynyň günsaýyn artmagy bu ugurda ädilen ilkinji ädimlerdir.

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmeginde uly ruhybelentlik bilen abraýly goşant goşýan senagatçylardyr telekeçilerimiz bagtyýar raýatlarmyzyň sarp edýän medeni-durmuş maksatly harytlarynyň hem-de hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini ýokary hilli we daşky gurşawa zyýansyz ösdürmekde hem-de olary bäsleşikli şertler esasynda emele gelýän elýeterli bahalardan ýerlemekde öz halal zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Mermer paýtagtymyz Aşgabady ösdürmegiň birnäçe meýilnamalaryny durmuşa geçirmegiň öz telekeçilerimize ynanylmagy-da tötänden däldir. Sebäbi türkmen telekeçileriniň durmuşa geçirýän işlerine ýurt ýolbaşçymyz mynasyp baha bermek bilen, ‘’Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr’’ diýip nygtaýar. Olaryň iş başarjaňlygyna, päk ýürek bilen halal zähmet çekip, ýokary hilli, berkden-berk binalary gurjakdygyna uly ynam bildirýär.

Ykdysady nazaryýetde telekeçiligiň esaslaryny beýleki eýeçiliklerden tapawutlandyrýan üç sany aýratyn häsiýet bolup, ýagny olaryň töwekgelçilik, çakganlyk, täzeçillik ýa-ly esasy ýörelgeleri bardyr. Dogrudanam, şu esasy ýörelgeler esasynda telekeçilik başlangyçlary biziň ýurdumyzda bolşy ýaly, dünýä ýurtlarynyň tejribesinde-de giňden ulanylyp, oňyn ykdysady netijeler gazanylyp, belent ösüşlere ýetilýär.

Köpetdag etrabynyň Parahat-3/1 ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy,
      telekeçi Ata Myradow 

Okalan sany: 85   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06140 sek. ýüklenen baýt: 31501