Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Welosiped sürmegiň saglyga peýdasy barada
Ýazylan wagty: 13 апреля 2018 Ýazan NEXTTM

Welosiped sürmegiň saglyga peýdasy barada 

Men Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Reýimowa Ogulşirin sport bilen her bir adamda bedeni kemsiz taplanýan, ýürek damar ulgamynyň işini kadalaşdyrýan, adamda gowy häsiýetleri terbiýeleýän, sportda diňe dynman öňe gadam urýan, bellän maksadyna ýetmekde hyjuw edýän, ýeňişlere okgunly hereket edýän we üstünlikleri gazanmak ýaly häsiýetleri görmek bolýar.

Welosiped sürmegiň uzak ýola aşmagyň amatly ulag serişdesi bolmak bilen çäklenmän, adamyň jan saglygyna, bedenine peýdaly bolup durýar. Welosiped sürýän her bir adamyň endamyndaky çiginleriniň iň esasylary esasanam ýüregiň ýygrylyp-ýazylmasy saglyga has ýaramly kada gelmek bilen gan aýlanyşyna rahatlandyrýar, bedendäki öýjükleriň, kelle beýniniňgan akymy bilen gelýän arassa kislorod bilen üpjün edilmegine, has sagdynlaşmagyna getirýändigini belläsim gelýär.

Sagdyn adamyň ýüreginiň urşy kadaly ýagdaýda 1 minutda 60-70 gezek hasaplanýar. Welosiped sporty bilen meşgullanyp başlan adamyň birnäçe wagtyň geçmegi bilen ýüregiň urşy 1 minutda 8-12 gezek azalýar. Bu bolsa welosiped sporty bilen meşgullanýan adamyň ýüreginiň has kuwwatly hem tygşytly işläp başlamagyny aňladýar. Sagdyn adam emma sport bilen meşgullanmaýanlarda gan aýlanşygynyň 1 minutlyk göwrümi ortaça hasaplananda 4,8 litr diýip hasaplanýar. Welosiped sporty bilen meşgullanýan adamlarda bolsa bu göwrüm 3,75-2,70 litre çenli peselmegine getirýär. Welosiped sporty bilen meşgullanýan adamlaryň dem alyşy hem kadaly bolýar we netijede bolsa adamyň tutuş bedeniniň işjeňliginiň ýokarlanmagyna getirýändigini bellemek bolar.

TDLU-niň talyby O.Reýimowa   

Okalan sany: 24   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04998 sek. ýüklenen baýt: 30687