Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi.
Ýazylan wagty: 13 апреля 2018 Ýazan Mayichka
Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bedenterbiýe we sport ulgamy giňden rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiz: “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin zerur şertleri dörederis” diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň teklibi bilen yglan edilen “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda ýurdumyzda iri sport çäreleriniň, halkara ýaryşlarynyň gerimi has-da giňedi. Halkara sportunyň merkezine öwrülýän ýurdumyzda iri ýaryşlary guramaga ähli mümkinçilikleriň bardygy diýseň buýsandyryjydyr. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda Beýik ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtorollini, “Beýik Ýüpek ýoly” ugry boýunça geçiriljek welosipedli ýöriş we ylgaw ýaryşlarynyň geçirilmegi türkmen sportunyň hem-de ýurdumyzyň bu ugurda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini dünýä ýüzüne ýene-de bir gezek aýan eder. Hormatly Prezidentimiz bu çäreler barada aýratyn belläp, onuň ýaş nesli sporta çekmekde, ýurdumyzyň sport döwleti hökmünde abraýyny has-da belende götermekde çäksiz ähmiýetiniň boljakdygyny nygtaýar. Eziz Watanymyzda adam saglygyna iň gymmatly hazyna hökmünde garalmagy Amul-Hazar 2018” atly halkara awtorolli, “Beýik Ýüpek ýoly” ugry boýunça geçiriljek welosipedli ýöriş we ylgaw ýaryşlarynyň ähmiýetini has hem dabaralandyrýar. Sportuň rowaçlanmagy ýurduň ýagty geljegi bolan ýaş nesilleriň hem beden we ruhy taýdan sagdynlygyny, kämil düşünjeliligini, maksada okgunlylygyny, zähmetsöýerligini gazanmakda aýgytly ädimleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe we sport ýaryşlary şowhunlylygy, köp adamlylygy hem-de täze sport netijeleriniň gazanylmagy bilen tapawutlanýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçiriljek welosipedli ýöriş we ylgaw ýaryşlary ýurdumyzyň gadymy we şöhratly medeni ojaklarynyň dabarasyny has-da arşa göterýär. Şeýle taryhy wakalaryň buýsançly şaýatlary bolmak aýratyn bagtlylykdan nyşan. Şu pursatlarda ylhamyň nurlanyp, kalbyňy ajaýyp duýgular gurşap alýar. Biz halk hakyndaky aladanyň, şanly taryhymyzyň we sagdynlygyň girewi bolan sportuň ajaýyp sazlaşygynyň we rowaçlanmagynyň, halkara derejesinde ykrar edilmeginiň şaýatlary bolýarys. Biz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bagtyýarlyk döwrümizi, eşretli zamanamyzy, ýagty geljegi nazarlaýan bedew batly ösüşi, özgerişi wasp edýän bagtly ynsanlar. “Sagdyn bedende — sagdyn ruh” pähiminden ugur alýan halkymyz bu babatda hormatly Prezidentimiziň görkezýän göreldesi esasynda sagdyn we berk, ynamly jemgyýetde ýaşaýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň biraýlygyna hem giň gerim berildi. Aprel-maý aýlarynyň dowamynda geçirilýän biraýlyk sportsöýüji halkymyz üçin ajaýyp baýramçylyga öwrülýär. Biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň paýtagtyndaky we welaýatlardaky stadionlar, sport mekdepleri, sport toplumlary adatdakylaryndan-da köp adamly boldy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri geçirildi. Halkymyzyň jan-saglygyny goramakda we sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmakda, sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde, ösüp gelýän ýaş nesliň sporta we bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerine köpçülikleýin çekilmeginde uly ähmiýeti bardyr. Türkmen halky gadym döwürlerde-de beden we ruhy saglygyň esaslaryna ygrarly bolupdyrlar. Dürli hereketli oýunlar, milli göreş munuň aýdyň nyşanydyr. Häzirki wagtda “Sport hemmeler we her bir adam üçindir!” diýen jümle türkmen türgenleriniň baş şygaryna öwrüldi.
Okalan sany: 19   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05875 sek. ýüklenen baýt: 32179