Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Welosiped sportunyň (tigir sürmegiň) taryhy.
Ýazylan wagty: 13 апреля 2018 Ýazan Mayichka
Welosiped sportunyň (tigir sürmegiň) taryhy: XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başynda onuň meşhurlygy diýseň ýokarlandy. Uludan-kiçä hemmeler, onuň bilen meşgul bolup başlaýarlar. XIX asyryň ahyrlarynda dünýäniň köp ýurtlarynda welosipedli ýörişi halaýanlaryň klublary döredildi. 1996-njy ýylda Aşgabatda welosiped sürüjileriň kluby döredilip, onuň öz binasy bolup, ol ýerde dürli çäreler geçirilipdir. Türkmenistanda ökde welosipedçiler peýda boldy. Olar 1935-nji ýylyň 11-nji iýunynda Aşgabat-Moskwa aralygynda 3900 kilometr menzili 27 günde geçdiler. Bu özboluşly rekorddyr. Şol ýylyň 24-nji iýunynda welosipedçiler topary Aşgabat – Krasnowodsk – Baku – Tiflis – Don boýundaky Rostow – Moskwa aralygynda 20 gün netije bilen ýöriş guradylar. Sport ussady, 2013-nji ýylda 75 ýaşan Aşgabatly Ş.Annamyradow 1958-nji ýylda Aşgabat – Kaka – Tejen – Sarahs – Tejen – Mary – Baýramaly – Ýolöten we yzlygyna geçirilen ýaryşa gatnaşýar we 3-nji baýrakly orny eýeleýär. Ol 1960-njy ýylda Duşenbede geçen Orta Aziýanyň çempionatyna hem gatnaşýar we 150 km aralyga bäsleşýärler. Şonda Türkmenistanyň ýygyndy topary Orta Aziýanyň çempiony bolmak bilen, soňra Rigada geçen bütinsoýuz ýaryşynda I orny eýeledi. 1962-nji ýylda Aşgabat – Kaka – Tejen – Sarahs – Tejen – Babadaýhan – Tejen – Kaka – Aşgabat aralygyndaky köpgünlük welosiped ýaryşynda Şamuhammet Annamyradow 1-nji orny eýeledi. Öz wagtynda welosiped sportunyň ussatlary R.Babaýew, B.Hudaýberdiýew, Igor Makarow (ol häzir “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy) barada hem öwgüli sözleri aýtmak bolar.
Okalan sany: 43   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10319 sek. ýüklenen baýt: 29494