Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
WELOSIPED SPORTY.
Ýazylan wagty: 13 апреля 2018 Ýazan Mayichka
WELOSIPED SPORTUNYŇ GÖRNÜŞLERI HEM-DE ÝARYŞ HEREKETLERINIŇ AÝRATYNLYKLARY.
ŞOSSE ÝOLLARYNDA GEÇIRILÝÄN WELOSIPED ÝARYŞY- asfalt düşülen gara ýollarda geçirilýän welosportuň bir görnüşi. Olimpiýa oýunlarynyň meýilnamasyna 1896-nji ýylda girizilen. Tomusky sport görnüşi bolup, ýaryş möwsümi ir bahar aýlary başlanýar we güýzde tamamlanýar. Bu sport görnüşi hökmünde 1868-nji ýylda döreýär we ilkinji iri ýaryşlar 1892-nji ýylda geçirilip başlanýar .Häzirki wagtda bu ýaryşlaryň Olimpia oýunlaryna girýän görnüşleri-topar bolup ýaryşmak we ýekelikde ýaryş . Toparlaryň arasynda şosse (gara) ýollarynda geçirilýän welosiped ýaryşy Olimpiýa oýunlarynyň meýilnamasyna girmeýär WELOKROS- ýörite gurluşly welosipedlerde geçirilýän kros ýaryşy. Tehniki taýdan welosportuň bu ýaryşy iň bir çylşyrymly we haýal ýöreýän görnüşi (krosçularyň ortaça tizligi 20 km/s).Düzgün boýunça welokrosçular, dürli hili ýodajyklardan, agaçlaryň köklerinden, ganawlardan çukurlardan (garym), depelerden ybarat bolan hem-de emeli päsgelçilik goýlan açyk meýdanda we tokaý zolagynyň içi bilen 2,5-3,5 km çenli halkalaýyn aralygy birnäçe gezek geçmeli. Welokros boýunça ilkinji ýaryşlar 1902-nji ýylda Fransiýada geçirildi. 1924-nji ýylda ilkinji halkara ýaryşlar we 1950-nji ýylda ilkinji dünýä ýaryşlary Parižde geçirildi.
Okalan sany: 14   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,15971 sek. ýüklenen baýt: 29414