Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýalan gürrüň dona bürenmez
Ýazylan wagty: 16 апреля 2018 Ýazan HEZRET


   Käbir daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň Türkmenistan barada berýän ýalan maglumatlaryny soňky wagtlar diňläsiň hem okasyň gelmeýär. Bular ýalan-ýaşryk habarlar bilen öz okyýjylaryny köpeltmek isleýärler. Görýän welin işsiz, pulsuz galaýmaly diýýän daşary ýurt habar beriş serideleriniň žurnalistleri Türkmenistan ýurdumyz baradaky ýalan maglumatlary bilen özlerini abraýlamak ýa-da ünsi çekmek isleýärler. Şeýdip raýatlarymyzy ýalan maglumatlary bilen ýol ulag heläkçiligi boldy ýa-da birnäçe adam ölüpdir diýlen boş gürrüňleri ýaýradýarlar. Emma şeýle hadysanyň bolmandygyny şu ýalan maglumatlara jogap hökmünde aýdasym gelýär. Halkymyzyň asudalygyna daşyndan göz dikip, özleri asuda ýurdumyzyň içinde ýaşamaýandygyna bahyllyk edip, ýaýradýan her bir myş-myşlaryna gulak gabardyp ynanyp ýörmäň. Olaryň ýalan maglumatlary hiç wagt hem hiç ýerde diňlenmezem, okalmazam.
Okalan sany: 406   Jogaplar: ( 1 )

Meret
16 апреля 2018

Ay sonky dowurler yalan maglumatlardan doly internet, haysyna ynanmalydygyny bilip bolanok


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05275 sek. ýüklenen baýt: 29516