Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Bagtyýarlyk döwrüniň joşgunly tanslary
Ýazylan wagty: 20 апреля 2018 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Balkan welaýatynyň döwlet drama teatrynda ýaşlarymyzyň arasynda tans sungatyna bolan ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak hem-de kämilleşdirmek maksady bilen “Bagtyýarlyk döwrüniň joşgunly tanslary” atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ýörite sungat hem-de sazçylyk mekdepleriniň talyplary gatnaşyp, olar milli hem-de daşary ýurt tanslaryny ýerine ýetirmekde özara bäsleşdiler.
Bäsleşikde, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň tans topary has şowly çykyş edip 1-nji orny, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň tans topary 2-nji orny we Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň tans topary 3-nji orny eýelediler.
Bäsleşikde üstünlik gazanan tans toparlara ýadigärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.







Okalan sany: 202   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05472 sek. ýüklenen baýt: 29334