Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Şöhrady dünýä dolan türkmen bedewi
Ýazylan wagty: 26 апреля 2018 Ýazan NEXTTM
Ýurdumyzda şan-şöhrata beslenen, milli baýlygymyz bolan ahalteke bedewlerimiziň baýramçylygy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenip geçilýär. Bu baýramçylyga bagyşlanan dürli çäreler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden uly dabara bilen bellenýär.
         Türkmen halky öz durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmändir, şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr. Türkmen halkynyň zehini bilen döredilen we terbiýelenen ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä ýüzünde has hem beyikdir. Eziz Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli baýlygymyz bolan ahalteke bedewlerimizi köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek we terbiyelemek baradaky alnyp barylýan işler ummasyzdyr. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda “Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň” we Aşgabat şäheriniň gözel künjegi bolan Köpetdagyň eteginden “Ahalteke atçylyk toplumynyň” açylyp ulanylmaga berilmegi hem-de şeýle toplumlaryň ähli welaýatlarda döredilmegi, şeýle-de paýtagtymyzdaky sirkiň binasynyň durkunyň täzelenip, döwrebaplaşdyrylyp, at üstünde oýnaýan artistlerimiziň çykyşlarynyň täzeden dikeldilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
         Şeýle-de ýurdumyzda 2009-njy ýyldan bäri bedew baýramçylygy mynasybetli Hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilen iň owadan ahalteke bedewini saýlamak bäsleşigi ýyl-ýyldan uly dabara bilen bellenýär. Bularyň ählisi Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak barada edýän atalyk aladasynyň netijesidir.
         Toýlaryňyz toýa ulaşsyn, eziz ildeşler! 

Okalan sany: 73   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
26 апреля 2018

At gazanar goç ýigidiň Owwal bedew aty gerek. Gelene garşy çykmaga Ýagşy muhapbeti gerek. Mert gerek jepa çekmäge, At gerek dere sökmäge, Supra ýaýyp, nan dökmäge Köňlüniň hümmeti gerek.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06148 sek. ýüklenen baýt: 30610