Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
KONKUR HAKDA KELAM.
Ýazylan wagty: 26 апреля 2018 Ýazan Mayichka
KONKUR HAKDA KELAM Konkur fransuzlaryň “concours hippigue” sözünden bolup, “atly bäsleşikler” diýmegi aňladýar. Ol konkur meýdançasynda gabat gelýän päsgelçilikleri ýeňip geçmek boýunça bäsleşiklerdir. Konkur – atçylyk sportunyň iň bir tomaşaly görnüşi. Onda üstünlikli çykyş etmek üçin türgenden we atlaryň uzak wagtlaýyn we ykjam türgenleşikleri talap edilýär. Ata erk edýän adam dogumly, aty dolandyrmagyň ýokary ussady, umumy beden taýýarlykly ýokary derejede bolmalydyr. Atdan bolsa uly güýç, kuwwatly bat alyş we iteklenme, hereketleriň ýokary utgaşyklylygy, päsgelçilikden bökülýän we ýere düşülýän pursatda deňagramlylygy saklamagyň başarnygy talap edilýär. Konkuryň watany Fransiýa hasaplanýar. XIX asyryň 50-nji ýyllarynda atlaryň Pariž sergisinde ilkinji gezek dürli görnüşli päsgelçiliklerden bökmek boýunça ýaryş geçirilýär we ol “konkur-ippik” diýen ady alýar. XIX asyryň ikinji ýarymynda konkur-ippikler Belgiýada we Italiýada, 1895-nji ýylda Russiýada, soňrak Germaniýada we Amerikada geçirilip başlanýar. Wagtyň geçmegi bilen, ol gysgaldylyp konkur diýlip aýdylyp, Britan adalaryna hem ornaşyp başlaýar. Atly goşun üçin böküş bäsdeşliginiň wajyplygy we atçylyk sportuny söýüjileriň oňa bolan gyzyklanmalary konkuryň halkara sportuna çalt ornaşmagyna sebäp bolýar. Ýuwaş-ýuwaşdan konkurlary geçirmegiň gerimi giňerýär, bökmegiň tehnikasy we konkur çapyşyklarynyň taktikasy kämilleşýär. Sportuň bu görnüşiniň meşhurlygy artýar. Netijede 1900-nji ýylda böküjilik bäsdeşligi Pariždäki II Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşulýar. Atçylyk sportunyň halkara federasiýasynyň (FEI) düzgünleri boýunça üçin açyk arenanyň meýdany 3200 inedördül metrden, gysga tarapy 40 metrden az bolmaly däl. Poni atlary üçin konkur 2400 inedördül metrden az bolmadyk meýdançada geçirilip bilner. Ýapyk konkur manežiniň meýdany 1200 inedördül metrden, giňligi azyndan 20 metrden az bolmaly däl. Açyk türgenleşik meýdanlarynyň iň kiçi ölçegi 15x35 m. “Konkur-Ippik” üçin we ýapyk binalardaky ýaryşlar üçin beden gyzdyrma we türgenleşik meýdanynyň giňligi 15 metrden, meýdany 400 inedördül metrden az bolmaly däl. Türgenleşik meýdanynda bir beýik, bir giň päsgelçilik ýerleşdirilmeli. Jaňjagaz signal bermäge, mysal üçin, indiki gatnaşyja meýdança çykmaga taýýarlyk, çykyşy başlamak, çykyş edýäni saklamak, gatnaşyja çykyşyny dowam etdirmek, gatnaşyjyny ýaryşdan mahrum etmek üçin (uzyn ugry ýa-da 3 ugry) niýetlenendir. Eger gatnaşyjy saklamak üçin signaldan soň saklanmasa, ony ýaryşdan çykaryp bilerler. Ýolugry diýlip gatnaşyjynyň badalga çyzygyndan pellehana baýdajygyna çenli geçmeli aralygy atlandyrylýar. Ýolugrundaky päsgelçilikler geçilmeli tertibi boýunça bellenendir, kadadançykma hökmünde birnäçe ýaryşlarda gatnaşyjynyň ýolugruny özi saýlap bilýär. Konkura gatnaşyjylara ýolugrundan bir gezek geçmäge mümkinçilik berilýär (laýyk görnüşde). Sagatlar hasaby çapyksuwar bilen atyň badalga çyzygyndan geçen pursadyndan tä olaryň pellehana çyzygyna geçýänçä ýöredilýär. Eger iki ýa-da ondan köp gatnaşyjy giti arassa ýa-da birmeňzeş jerime mukdar bilen utukly geçse, birmeňzeş netijeli ähli gatnaşyjylar ýolugruny gaýtadan geçmelidirler. Ýolugruny düzüji (kurs-dizaýner) ony gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň isleglerini hasaba almak bilen düzýär. Päsgelçilik atyň giti arassa geçmegi üçin amatly edilip ýerleşdirilýär. Tejribeli düzüjiler atyň nähili böküşini we böküş mahaly nähili kynçylyklary başdan geçirýändigini gowy bilýärler. Konkur boýunça ýaryşa gatnaşyjylaryň düzümi 120 adamdan geçmeýär, üç emin bilen eminlik edilýär. Eger ýaryş bir gün geçýän bolsa ir ertirden başlanylýar. Assosiasiýanyň agzalary öz birmeňzeş eşiklerini geýinmäge borçludyrlar. Eger bir günde 120 gitden köp geçilse, eminler dört bolmalydyr, eger gitleriň sany 200-den geçse, eminleriň sany bäşe ýetirilýär. Suwly päsgelçilik bar bolsa, goşmaça emin bellenilýär. Eger gitleriň sany 50-den geçmese, iki emin ýeterlikdir. Konkurda atlaryň dürli mukdarda güýç sarp etmegine getirýän päsgelçilikleriň dürli görnüşleri hereket edýär: atanak agaç, çonhon, gapy, diwar, pürsler, troýnik (piramida, tripl-bar), ganaw (kanawa), şlagbaum, joker we okser.
Okalan sany: 186   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
26 апреля 2018

El­bet­de, hal­ky­my­zyň «Gor­kut ata», «Gö­rog­ly» ýa­ly epos­la­ryn­da hem be­dew at­la­ry­my­zyň gö­zel­li­gi, ýyn­dam­ly­gy, we­pa­dar­ly­gy ha­kyn­da köp ýaz­gy­lar, goş­gu­lar bar. Nusgawy şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly öz dö­wür­de­şi Dur­dy şa­hy­ryň: «O nä­me­dir adam ýa­ly syz­ýa?» di­ýen so­wa­ly­na: «Be­dew at­lar adam ýa­ly syz­ýar» di­ýip, jo­gap ber­ýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05987 sek. ýüklenen baýt: 33887