Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Dünýä meşhur bedewler
Ýazylan wagty: 26 апреля 2018 Ýazan NEXTTM
Berkarar
döwletiň bagtyýarlyk döwründe bedewlerimiziň şöhraty, ýer ýüzündäki
abraýy barha belende galýar. Ata Watanymyzda atçylyk pudagynyň
ösdürilmegi, şeýle hem atşynaslaryň netijeli zähmet çekmegi üçin zerur
şertleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
birine öwrüldi. Özünde deňsiz-taýsyz gözelligi jemleýän, ynsan ýaly
syzmagy başarýan ahalteke bedewlerini ýetişdirmegiň inçe syrlaryny
halkymyz nesilden-nesle geçirip, biziň şu günki günlerimize
ýetiripdirler.
Türkmen halkynyň durmuşy onuň hemişelik ýoldaşy bolan
gamyşgulak bedewler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sebäbi biziň
ata-babalarymyz ençeme müňýyllyklaryň dowamynda atçylyk bilen
meşgullanyp, dünýäde owadan, güýçli, ýyndam atlary ösdürip
ýetişdiripdirler. Sarpasy belent bedewler biziň şu günki günlerimizde-de
uly şöhrata eýedir. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda  milli
baýlygymyza öwrülen tohum atlaryň gadymy nusgalaryny gorap saklamak,
ösdürmek barada uly aladalar edilýär.
2010-njy ýylda Halkara
ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi.  Bu assosiasiýanyň esasy
maksady ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmakdan, daşary
ýurtlarda arassa ganly atlaryň hasaba alnyşyna gözegçilik etmekden,
olary gorap saklamakdan we ahalteke atlarynyň naýbaşylarynyň baş sanyny
köpeltmekden ybarat bolup durýar. Onuň döredilmegi bolsa atçylyk
pudagynda beýleki döwletler bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga
hem-de ahalteke bedewleriniň halkara abraýyny dünýä ýaýmaga giň ýol
açdy.
2015-nji ýylyň noýabrynda “Atçylyk we atçylyk sporty barada”
Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunyň  kabul edilmegi bolsa
atçylyk sportyny ösdürmäge hem kämilleşdirmäge uly itergi berdi.
2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş
sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hem türkmeniň uçar ganaty
hasaplanýan ahalteke bedewidir. Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň
milli gymmatlygy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandydyr. Olar
bütin dünýäde özüniň ýyndamlygy, üşükliligi, çydamlylygy we haýran
galdyryjy gözelligi bilen tanalýar. V Aziýa oýunlarynyň nyşanynda
ýerleşdirilen atyň şekili sagdynlygy alamatlandyrýar. Ýurdumyzda
geçirilen bu uly sport baýramçylygynda sportuň dürli  görnüşleri bilen
birlikde atçylyk sportunyň (konkur) hem goşulmagy türkmen halkynyň bedew
atlarymyza ýokary baha berýändigini görkezýär.
Türkmen edebiýatynda
hem türkmen bedewleri mydama taryplanyp gelnipdir. “Görogly”, “Oguznama”
ýaly eserlerde türkmen halkynyň gamyşgulak bedewlerimize bolan milli
buýsanjy  ýokary derejede görkezilýär. Bulardan başga-da nusgawy
edebiýatymyzyň görnükli wekilleri Magtymgulynyň, Seýdiniň, Magrupynyň,
Mätajiniň we beýleki ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiliginde bedew
temasynda ýazylan ajaýyp eserler hem bar. Hormatly Prezidentimiziň
“Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly
bedew”, “Ganatly bedew” ýaly kitaplarynda-da türkmeniň ahalteke
atlarynyň gelip çykyşy, taryhy ösüş ýoly, ýyndamlygy, gözelligi,
çydamlylygy barada gyzykly maglumatlar berilýär.
Il içinde milli
buýsanjymyza öwrülen bedewlerimiz bilen baglanyşykly birnäçe nakyllary
hem ýatlap geçeliň.:”At agynan ýerde toý bolar”, “Ertir turup ataňy gör,
ataňdan soň atyňy”,  “Atdyr ýigidiň myrady”, “Atym bar - ganatym
bar”...
Mundan başga-da Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe
türkmen halkynyň buýsanjy we şan-şöhraty bolan bedew atlarymyzy dünýä
ýaýmakda uly işler alnyp barylýar. Ussat halyçylarymyz behişdi
bedewlerimiziň keşbini owadan halylarymyzyň ýüzünde ussatlyk bilen
suratlandyrýarlar. Heýkeltaraşlarymyz bedew atlarymyzyň ajaýyp keşbini
ussatlyk bilen janlandyrýarlar. Bagşy-sazandalarymyz bolsa bedew atyň
waspyny ýetirip, öz aýdym-sazlarynda beýan edýärler.
Görnüşi ýaly,
akylly, adam ýaly syzgyr atlara bolan söýgi türkmen halkynyň kalbynda
müdimilik ýaşapdyr. Durmuşda bolsa bedew atyň belli bahasy bolmandyr.
Muňa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlup ulanylmaga berlen döwrebap
atçylyk sport toplumlary hem şaýatlyk edýär. Bu  atçylyk toplumlarynda
her bir milli baýramçylyklarymyzda at çapyşyklaryny, atly sport
oýunlaryny we atlaryň päsgelçiliklerden bökmek boýunça ýaryşlaryny
geçirmek asylly däbe öwrüldi.
Türkmen  ýigitleri   we  gyzlary 
tarapyndan  ussatlyk  bilen  ýerine  ýetirilýän “Galkynyş” milli  at 
üstündäki oýunlary uly meşhurlyk gazanýar.  Biziň milli  at  üstündäki
oýunlar  toparymyzyň ýigitleridir gyzlary daşary  ýurtlarda –
Belarussiýada,  Türkiýede,  Hytaýda,  Ukrainada,  Russiýada  we 
beýleki  birnäçe  daşary  döwletlerde üstünlikli çykyş edip, türkmen
bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä äşgär edýärler.
Her ýylda geçirilýän
Bedew  baýramçylygynda ökde çapyksuwarlara we atşynaslara hormatly
Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar berlip, olara
“Türkmenistanyň  halypa  çapyksuwary” hem-de “Türkmenistanyň  Halk 
atşynasy” diýen  Hormatly  atlar  dakylýar. Türkmenistanyň  Mejlisiniň 
Karary  bilen  hormatly  Perezidentimize  hem  atçylygy   ösdürmekde 
alyp  barýan  işlerini we ýaşlary  terbiýelemekdäki bitirýän
hyzmatlaryny  göz  öňünde  tutup, Türkmenistanyň  Ahalateke  atçylyk
assossasiýasynyň  teklipnamasyny  esasynda  “Türkmenistanyň   Halk 
atşynasy”  diýen  Hormatly  at dakyldy.
Türkmenistan döwletimizde
atçylygy ösdürmek bilen baglanyşykly Halkara  ylmy-amaly  maslahatlar
hem sergiler  geçirilýär. 2015-nji   ýylda  Halkara  Ahalteke   atçylyk 
assossasiýasynyň  mejlisi hem  boldy. Oňa  daşary  ýurtlardan  500-den 
gowrak  myhman  gatnaşdy. Olaryň  içinde  Hytaýdan,  Germaniýadan, 
Türkiýeden  we  beýleki  döwletlerden  ahalteke  atlarynyň  muşdaklary 
bar.
Mälim bolşy ýaly, ahalteke bedewlerimiz berkarar Watanymyzyň şan-şöhratydyr.


Okalan sany: 265   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
26 апреля 2018

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň «Ahal­te­ke be­de­wi – bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz» at­ly ki­ta­by­nyň hem nus­ga­lyk eser bo­lup, türk­men be­dew­le­ri­niň şan-şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­dir. Mil­li Li­de­ri­miz türk­me­niň be­dew at­la­ry, çe­per ha­ly­la­ry ýa­ly mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň at-ab­ra­ýy­ny, şan-şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­mak­da uly ta­gal­la­lar ed­ýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06979 sek. ýüklenen baýt: 36549